Ï Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar

view-icon 2844

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Gadyrly doganym!

Gadyrly dostum, galkynyşyň we täzelenişiň baýramy bolan Nowruz baýramy mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn!

Doganlyk halklarymyzyň kalbynda ýer alan Nowruz baýramynyň ýaşaýyş filosofiýasy hem-de asylly ýörelgeleri biziň üçin aýratyn gymmata eýedir we ol iki ýurduň arasynda mizemez dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy, özara hormat goýmagy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hyzmat edýär.

Döwletlerimiziň arasyndaky köpugurly we uzak möhletleýin gatnaşyklary has belent derejä çykarmakda Siziň goşýan goşandyňyza ýokary baha berýändigimi nygtamak bilen, strategik hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirýärin.

Pursatdan peýdalanyp, şu bereketli we mübärek günlerde Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, durnukly ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Size we Siziň üstüňiz bilen dostlukly Türkmenistanyň ähli halkyna pederlerimiziň gadymy bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy iberýärin.

Mübärek Nowruzyň gadymy däp-dessurlarynyň we ruhy baýlygynyň, beýik baýramlaryň biri bolan bu bahar baýramynyň adamzada müňýyllyklaryň dowamynda ýol görkezen umumadamzat gymmatlyklarynyň we mizemez taglymlarynyň bizi mundan beýläk-de täzelenişiň, döredijiligiň, parahatçylygyň, asudalygyň, birek-birege hormat goýmagyň, ynanyşmagyň ýoly bilen öňe ilerletjekdigine umyt edýärin. Bereketli Nowruzyň asylly däplerinden ugur alyp, ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we köpugurly özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalarymyz esasynda çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk we uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, durnuklylyk, rowaçlyk, mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Emomali RAHMON,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Öz adymdan we Azerbaýjanyň halkynyň adyndan Sizi we Türkmenistanyň doganlyk halkyny Nowruz baýramy mynasybetli mähirli gutlaýaryn.

Baharyň gelmeginiň, tebigatyň janlanmagynyň buşlukçysy bolmak bilen, Nowruz adamlary özara düşünişmäge, ýagşy işlere we jebislige çagyrýar. Özünde ýokary gymmatlyklary jemleýän bu gadymy baýramyň biziň doganlyk halklarymyza hem-de ýurtlarymyza rowaçlyk, parahatçylyk, abadançylyk, täze üstünlikleri getirmegini arzuw edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, meniň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagym mynasybetli iberen gutlaglaryňyz we iň gowy arzuwlaryňyz üçin Size hoşallygymy beýan edýärin.

Bu nurana günlerde Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Ilham ALIÝEW,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.