Ï Türkmenistanyň ilçihanasynyň gatnaşmagynda Tbiliside Nowruz baýramçylygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ilçihanasynyň gatnaşmagynda Tbiliside Nowruz baýramçylygy

view-icon 3599
Türkmenistanyň ilçihanasynyň gatnaşmagynda Tbiliside Nowruz baýramçylygy

Şu gün, 20-nji martda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Tbiliside bahar baýramy bolan Nowruzyň bellenilmegi mynasybetli geçirilen baýramçylyk çäresine gatnaşdy.

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Türkiýäniň ilçihanalary özleriniň milli tagamlary, süýjülikleri hem-de halk senetçilik önümlerini hödürlediler.

Türkmen pawiliony hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary, nesip elde dokalan halylar, suratlar, milli egin-eşikler, şaý-sepler we sowgatlyklar bilen bezeldi.

Baýramçylyk çäresine gatnaşyjylary Tbilisi şäher häkiminiň orunbasary K.Guledani, Tbilisi şäher geňeşiniň başlygy G.Tkemaladze, şeýle-de ilçiler gutladylar.

Türkmenistanyň ilçisi D.Seýitmämmedow öz çykyşynda Nowruz galkynyşyň, gülläp ösmegiň we täzelenşiň nyşany bolmak bilen halklary birleşdirýändigini hem-de hoşniýetli gatnaşyklaryň ösmegine binýadygyny nygtady. Ol şu günki çäre ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklarynda dostluk we özara düşünişmek ugrunda alnyp barylýan işleri berkitmek üçin ýene bir ädim boljakdygyny aýtdy. Ol çäräni gurnaýjylaryna minnetdarlygyny bildirdi we hemmelere saglyk, bagt, parahatçylyk hem-de gülläp ösüşi arzuw etdi.