Ï Arkadagda Nowruz baýramy ilkinji gezek bellenýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arkadag şäherinde Nowruz baýramy ilkinji gezek bellenýär

view-icon 2497
Arkadag şäherinde Nowruz baýramy ilkinji gezek bellenýär

Milli bahar baýramy – täzeden jana gelýän tebigatyň ýene bir tapgyryny we esasy adamzat gymmatlyklarynyň nusgasy bolan Halkara Nowruz güni özboluşly milli däp-dessurlara laýyklykda, Türkmenistanyň ähli künjeginde dürli dabaralar bilen bellenýär. Bu ýyl ömre-ömür goşýan Milli bahar baýramy täze Arkadag şäherinde ilkinji gezek bellenýär.

Halkara Nowruz gününe bagyşlanan medeni maksatnamada bellenen çäreleriň biri-de Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda geçirilen «Ýaşyl begres düşäp jümle-jahana, bu gün gül Watana Nowruzym geldi» atly baýramçylyk duşuşygy boldy. Onda syýasy partiýalaryň we şäheriň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş edip, bu gadymy baýramyň ähmiýetini, onuň halklaryň asudalygyny, agzybirligini we abadançylygyny berkitmäge hyzmat edýän däp-dessurlaryny bellediler. Arkadag şäheriniň Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň okuwçylarynyň çykyşlary bolsa baýramçylyk dabarasynyň bezegi boldy.