Ï Türkmenistan we Italiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan we Italiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýärler

view-icon 3314
Türkmenistan we Italiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýärler

2024-nji ýylyň 20-nji martynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýa Respublikasynda iş saparynda boldy.

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň habar berişi ýaly, saparyň dowamynda Rimde  türkmen wekiliýeti bilen Wise-premýer we Italiýanyň Daşary işler ministri Antonio Taýaniniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Daşary işler ministrleri syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanpewer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde bilelikdäki hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi hem bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda 2024-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň we Italiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi.