USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy «Akylly hyzmat» hojalyk jemgyýetiniň okuw merkezi bilen bilelikde «TechYouth Bootcamp» maksatnamasynyň Marydaky ikinji tapgyryna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilşiginiň yglan edýär.
Maksatnamanyň çäklerinde IT ulgamyna degişli bolan iki ugur boýunça tölegsiz alty aýlyk kurslar guralar we geçiriler: IT ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek we dolandyrmak hem-de grafiki dizaýny.
USAID-iň YDA Taslamasynyň «TechYouth Bootcamp» maksatnamasy IT ugurlar boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir we «bootcamp» formatynda ýagny «doly girişmek» görnüşinde intensiw kurslaryny öz içine alýar. Maksatnamanyň esasy maksady ýaşlara hünär almaga we netijeli işe ýerleşmäge mümkinçilik bermek.
Okuwlar 2024-nji ýylyň maý aýyndan noýabr aýyna çenli dowam eder. Bu maksatnama 18-25 ýaş aralygyndaky Türkmenistanyň raýatlary gatnaşyp bilerler. Gatnaşmak üçin şu baglanyşykdaky hasaba alyş anketany 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 19-na sagat 14:00-a çenli doldurmaly.