Ï Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

view-icon 3000

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara tennis federasiýasynyň prezidenti (HTF) Dewid Haggertini we Aziýanyň tennis federasiýasynyň prezidenti (ATF) Ýuriý Polskini kabul etdi.

Myhmanlar döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, HTF-niň we ATF-niň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Ýurdumyzda sporty höweslendirmäge we goldamaga, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmäge aýratyn üns berilýär.

Jenap Dewid Haggerti Türkmenistanda bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Halkara tennis federasiýasynyň güwänamasyny gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz myhmanlary mähirli mübärekläp, HTF-niň güwänamasynyň gowşurylandygy üçin minnetdarlyk bildirdi we muňa Türkmenistanda tennisi ösdürmek hem-de wagyz etmek boýunça toplumlaýyn ulgamy döretmäge, uzak geljege gönükdirilen syýasatyň halkara derejede ykrar edilmegi hökmünde baha berýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, HTF-niň we ATF-niň ýolbaşçylarynyň şu saparyna ýurdumyzyň tennis taryhynda möhüm waka hökmünde garalýar. Myhmanlaryň Aşgabatda bolýan wagtynda Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň wekilleri bilen duşuşmaga hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga, ýurdumyzyň tennis ulgamlary bilen tanyşmak üçin giň mümkinçilikler dörediler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz saparyň netijeleriniň Halkara tennis federasiýasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge täze itergi berjekdigine we Türkmenistanda tennis sportuny wagyz etmäge goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda sportuň tennis görnüşi uly ösüşe eýe boldy, onuň bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany barha artýar. Türkmenistanyň Tennis federasiýasy 1993-nji ýyldan bäri Halkara tennis federasiýasynyň (HTF), 2001-nji ýyldan bäri bolsa Aziýanyň tennis federasiýasynyň (ATF) agzasy bolup durýar. Türkmen tälimçileri üçin okuw maslahatlaryny guramakda özara hyzmatdaşlyk edilýär. Halkara çagalar we ýetginjekler ýaryşlary geçirilýär. Bu bolsa zehinli türgenleri ýüze çykarmaga, olara bu ugurda ýörite ýaryşlara gatnaşmaga mümkinçilik berýär. Geçen ýyl Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň tennis toplumynda 12 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň toparlaýyn ýaryşynyň üstünlikli geçirilmegi muňa anyk mysaldyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan dünýäniň sport giňişliginde, hususan-da, Halkara tennis federasiýasynyň we Aziýanyň tennis federasiýasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmegi maksat edinýär. Şeýle-de HTF-niň hem-de ATF-niň ýurdumyzda we bütin dünýäde tennis sportuny mundan beýläk-de ösdürmek baradaky başlangyçlaryny, tekliplerini goldamaga taýýardyr. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň sport üpjünçilik ulgamlaryny halkara tennis ýaryşlaryny, ýygnanyşyklaryny we ussatlyk sapaklaryny geçirmek üçin ulanmak mümkinçiligini öwrenmegi teklip etdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we myhmanlar dostlukly gatnaşyklary hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmaga ýardam edýän sport ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.