2024-nji ýylyň 01-nji aprelinde Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň maşgalasy hanym Akie Abe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň ýapon dilindäki görnüşini gowşurmak çäresi geçirildi.
Hanym Akie Abe Gahryman Arkadagymyzyň edebi-filosofik eserinde Sindzo Abe barada ýakymly ýatlamalar bilen beýan edilendigi üçin özüniň hoşallygyny bildirdi.
Çäräniň dowamynda taraplar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly edebi-filosofik eseriniň ýapon dilinde neşir edilmegi Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň taryhynda şanly waka öwrülendigini bellediler. Bu kitap hoşniýetli erk-islege, özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan netijeli döwletara gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetiniň özboluşly nyşanydyr.