Ï BMG-niň ýurt boýunça topary we milli hyzmatdaşlary 2024-nji ýyl üçin hereket meýilnamasy barada ylalaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

BMG-niň ýurt boýunça topary we milli hyzmatdaşlary 2024-nji ýyl üçin hereket meýilnamasy barada ylalaşdylar

view-icon 3704

BMG-niň edara binasynda BMG bilen Türkmenistanyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin durnukly ösüş pudagynda Çarçuwaly hyzmatdaşlyk meýilnamasynyň netijeleri boýunça bilelikdäki toparlaryň nobatdaky mejlisi bolup geçdi. Duşuşykda ÇHM-iň bäş ugry we jemleýji netijeleri bilen baglanyşykly 2024-nji ýylda durmuşa geçirilmeli bilelikdäki işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu bäş ugra şular degişlidir: adamlaryň bähbidine gönükdirilen dolandyryş we kanunyň hökmürowanlygy; durnukly ykdysady dürlüleşdirme, bäsdeşlige ukyply hususy we maliýe pudaklary, giň söwda we ony çaltlaşdyrma; betbagtçylyk howpuny azaltmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we durnuklylygy artdyrmak; ýokary hilli we elýeterli saglyk hem durmuş gorag hyzmatlary; ýokary hilli, giň gerimli we elýeterli bilim hem hünär derejesini ösdürmek üçin ulgamlar.

Türkmenistanyň ministrliklerinden, müdirliklerinden we BMG-niň ýurt boýunça toparyndan duşuşyga gatnaşanlar ähli gyzyklanýan taraplaryň ÇHM-i üstünlikli durmuşa geçirmek üçin edýän işleri barada ylalaşdylar. ÇHM-iň maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen anyk çäreleri we meseleleri öz içine alýan 2024-nji ýylyň netijelerine esaslanýan toparlaryň Bilelikdäki iş meýilnamalarynyň taýýarlanan taslamasy hut şuňa gönükdirilendir. Ara alyp maslahatlaşmagyň netijesinde taraplar Bilelikdäki iş meýilnamalarynyň taslamasyny deslapdan tassykladylar, ol garalmagy we tassyklanmagy üçin aprel aýynda ÇHM-iň Dolandyryş komitetine hödürlener. Tassyklanandan soň, meýilnamalar ÇHM-i durmuşa geçirmäge gatnaşýan ähli taraplara ýol görkeziji gollanma bolar.

ÇHM-niň netijeleri boýunça Bilelikdäki iş toparlarynyň mejlisiniň çäginde 2023-nji (hasabat) we 2024-nji (meýilleşdirme) ýyl üçin ÇHM-i maliýeleşdirmek meýilnamasyna garaldy. ÇHM-ni 2024-nji ýyl üçin maliýeleşdirmek meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi onuň durnukly maliýeleşdirilmegini we BMG-niň meýilleşdirilen çäreleriniň, meýilnamalarynyň we taslamalarynyň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün eder, şeýle hem ÇHM-iň Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny öz wagtynda durmuşa geçirmek boýunça maksada ýetmegi üçin bar bolan çeşmeleri ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrar.

Duşuşykda 2026 – 2030-njy ýyllar aralygynda Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda Durnukly ösüş pudagynda hyzmatdaşlygyň täze çarçuwasyny işläp düzmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň milli ileri tutulýan ugurlaryny we BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny göz öňünde tutup, täze maksatnama üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan we dowam etjek ugurlary kesgitlendi. Bu çäre BMG we Türkmenistan hökümetiniň durnukly ösüş pudagynda hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny ýene bir gezek görkezdi.