Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty fizika we matematika boýunça ýurdumyzyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen olimpiadalaryň netijelerini yglan etdi.
Bäsleşiklerde mekdep okuwçylarynyň 41-si baýrakly orunlara eýe boldular. Okuwçylaryň 7-si birinji orunlary eýelediler, ýokary synp okuwçylaryň 12-si ikinji orunlaryň eýeleri, 22-si üçünji orunlara mynasyp boldular.
Birinji orunlaryň dördüsi fizika boýunça olimpiada gatnaşyjylara berildi. Olaryň hatarynda Mähriban Jumadurdyýewa (Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky 5-nji orta mekdebi), Nikita Wolosnikow (Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky 23-nji orta mekdebi), Kadyrberdi Ýazdurdyýew (Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherçesindäki 43-nji orta mekdebi) we Ogulgerek Jumakowa (Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky 91-nji orta mekdebi) bar.
Matematika boýunça olimpiadanyň ýeňijileriniň üçlügine Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 28-nji orta mekdebiniň okuwçylary Erkin Maksadow hem-de Şatlyk Mätkulow, şeýle hem Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky 43-nji orta mekdebiniň okuwçysy Gülnar Annageldiýewa girdiler.
Umuman, ders bäsleşiklerinde paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň umumy bilim berýän we ýöriteleşdirilen orta mekdepleriniň 11-nji synplarynyň okuwçylarynyň 135-si fizikadan we matematikadan bilimlerini görkezdiler.
Akyl bäsleşikleriniň geçirilmegi mekdep okuwçylaryna dersler boýunça öz ukyplaryny ýüze çykarmaga, bilimlerini hem-de taýýarlyklaryny görkezmäge ajaýyp mümkinçilik berdi.
Ders bäsleşikleri has zehinli okuwçylary ýüze çykarmak, ýaşlaryň takyk ylymlary öwrenmäge gyzyklanmalaryny artdyrmak we goldamak, häzirki zaman sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly dersler boýunça özbaşdak işlemek başarnyklaryny döretmek we ösdürmek, şeýle hem ýurduň ýokary we orta okuw mekdepleriniň özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen guraldy.