BMGÖM-iň Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde amala aşyrylýan «Aral deňziniň howzunda ýer baýlyklaryny we ýokary tebigy gymmatly ekologik ulgamlary gorap saklamak hem durnukly dolandyrmak», «Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň guraklaşýan we şorlaşýan oba hojalyk ýerlerinde tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmak» taslamasynyň çäginde 2–6-njy aprelde halkara hünärmenleriň gatnaşmagynda global nawigasiýa hemra ulgamynyň enjamlaryny ulanmak boýunça amaly okuw geçirilýär.
Bu okuw Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrliginiň ýer baýlyklary gullugynyň hünärmenlerine ozal satyn alnan enjamlary netijeli ulanmagy öwretmäge gönükdirilendir. Okuwa Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, bäş welaýatyň ýer baýlyklary gullugynyň we şu ugurda bilim berýän ýokary mekdepleriň hünärmenleri çagyryldy. Okuwy enjamlary dolandyrmak we ulanmak boýunça halkara hünärmenler Aleksandr Dianow bilen Ramil Ýunusow alyp barýar.
Okuw nazary bölümden, BMG-niň Aşgabatdaky binasynda bolup geçen giriş sapagyndan we Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda meýdan şertlerinde geçiriljek amaly bölümden ybarat.
Nazary bölümiň dowamynda okuwa gatnaşýanlara geodeziýanyň we kartografiýanyň esaslary, dünýä nawigasiýa ulgamlary we olaryň ösüşi barada umumy maglumat berildi. Enjamyň gurluşy, işleýşi we programma üpjünçiligi bilen baglanyşykly tehniki meseleler toplumyna garalyp geçildi.
Okuwyň amaly bölegi kabul edijileri, routerleri oturtmagy, sazlamagy we olara tehniki hyzmat etmegi, dürli ölçegleri we okuw boýunça aýratyn meseleleri ýerine ýetirmegi jikme-jik öwrenmegi göz öňünde tutýar. Meýdan işi okuwa gatnaşýanlaryň soraglaryna jogap we olaryň jemleýji synagyndan ybarat interaktiw sessiýany öz içine alýar.