Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny «CyberHack» intellektual hakaton-bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.
Bäsleşik onlaýn görnüşde 26-27-nji aprelde geçiriler. Hakatona her okuw mekdepden düzümi üç adamdan ybarat bir topar gatnaşyp biler. Talyplaryň bäsleşiginiň temasy – «Sanly ulgamda maglumatlary goramagyň kriptografiki usullaryny programmalaýyn durmuşa geçirmek».
Temadan ugur alnyp, hakatonyň işi programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak babatda talyplaryň başarnyklaryny barlamaga gönükdiriler. Öňde goýuljak ýumuşlaryň çylşyrymlylyk derejesi göz öňünde tutulyp, olary ýerine ýetirmäge toparlara 3 sagatdan 5 sagada çenli wagt berler.
Hakatona gatnaşmak isleýänler 10-njy aprele çenli gatnaşyjylar we olaryň ylmy ýolbaşçysy baradaky maglumatlar beýan edilen haýyşnamany doldurmalydyrlar hem-de institutyň tdei@tdei.edu.tm ýa-da abdyyewjuma@gmail.com elektron salgysyna ibermelidirler. Gatnaşmak üçin doldurylmaly haýyşnamanyň nusgasy institutyň tdei.edu.tm resmi saýtynda Olimpiadalar bölüminde ýerleşdirildi.
Bäsleşigiň dowamynda eminler toparynyň agzalary talyplaryň iş usullaryna, işiň her görnüşiniň tehnologik taýdan sowatlylygyna, öz wagtyndalygyna we işleriň ýerine ýetirilişiniň dogrulygyna baha bererler.
Eminler netijeleri jemlänlerinde taýýar işlere aşakdaky ugurlar boýunça baha bererler: standart kriptografik hasaplamalary ulanmak arkaly ýerine ýetirilen ýumşuň netijeliligi; programmalaşdyrmak diliniň saýlanyp alnyşy; programma üpjünçiliginiň açyk başlangyç kodunyň bolmagy we onuň möçberi; programma üpjünçiliginiň gönükdirilen ugry, düşnükliligi hem-de adaty ulanyjylar üçin ony peýdalanmagyň oňaýlylygy. Şeýle hem bäsleşigiň eminleri gatnaşyjylaryň işlerini tanyşdyryşlarynyň hilini göz öňünde tutarlar.
Hakatonyň I, II we III orunlary eýelän ýeňijileri hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanarlar.
Bäsleşigiň maksady dürli maksatlar üçin täze programma üpjünçiligini döretmekden, bar bolan programma üpjünçiliginiň öndürijiligini gowulandyrmagyň ýollaryny kesgitlemekden, häzirki zaman sanly gurşawda kiberhowpsuzlygyny üpjün etmekden, şeýle hem talyplaryň hünär taýýarlygynyň hilini ýokarlandyrmakdan, täze pikirleri we sanly çözgütleri döretmäge hem-de durmuşa geçirmäge, innowasion tehnologiýalary başarnykly peýdalanmaga, giňden pikirlenmäge we çylşyrymly wezipeleri özbaşdak çözmäge ukyply ýokary derejeli hünärmenleri terbiýelemekden ybaratdyr.