Ï «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

view-icon 3417
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda döredilen «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky üçünji sany çapdan çykdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy şu baharyň we üstümizdäki ýylyň iň ýakymly serpaýlarynyň biri boldy. Şeýle bolansoň, elektron neşiriň täze sanynyň başlangyç makalasy hem döwlet Baştutanymyzyň kitabyna bagyşlanypdyr. 

2-nji martda Garaşsyz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmegine 32 ýyl doldy. Neşirde bu şanly sene mynasybetli paýlaşylan makala: «Türkmenistan ― BMG: hoşniýetli hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi» diýlip atlandyrylýar. 

«Ekologiýa abadançylygy ― ählumumy ösüşiň girewi» atly makala 16-njy martda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasyna bagyşlanypdyr. Şol sahypalarda bahar gözelligine bagyşlanan iňlis dilindäki makala hem paýlaşylýar. «Türkmen zenanlaryna goýulýan sarpa» atly makala, adyndan hem belli bolşy ýaly, Halkara zenanlar gününe bagyşlanypdyr.

2024-nji ýylyň martyny ýaşlar üçin ýatdan çykmajak aýlaryň birine öwren wakalaryň hatarynda türkmen ýaşlaryndan düzülen wekiliýetiň Hindistana amala aşyran iş saparyny bellemek bolar. Saparyň çäklerinde biziň ildeşlerimiz Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleriniň ýaşlary bilen bilelikde dostlukly döwlet bilen ýakyndan tanyşdylar. 

Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen bagly «Şanly ýylyň dabarasy dünýä dolýar» atly makala bu gadymy şäherde geçirilen halkara dabaralary ýene bir ýola ýatladar. 

Däp bolşy ýaly, neşiriň täze sanynda hem döwürdeş şahyrlarymyzyň ýene birnäçesiniň goşgulary paýlaşylýar. Neşiriň şu sanynda nowruz däpleri bilen bagly makala hem paýlaşylypdyr.

Bu gezek öý bikelerimiz bahar işdäaçarynyň taýýarlanylyşy we etli unaşyň bişirilişi baradaky gyzykly maglumatlary okap bilerler.

Neşiriň ahyrky sahypalaryndan «Ýaş waspçy» atly döredijilik bäsleşiginiň täze ýeňijisi bilen hem tanşyp bilersiňiz.