Ï Ýaş ýangyn söndüriji toparlaryň welaýat bäsleşigi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaş ýangyn söndüriji toparlaryň welaýat bäsleşigi geçirildi

view-icon 4234
Ýaş ýangyn söndüriji toparlaryň welaýat bäsleşigi geçirildi

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň we Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramaklarynda Türkmenabat şäherinde welaýatyň çäginde ýerleşýän umumybilim berýän orta mekdepleriň ýaş ýangyn söndüriji toparlarynyň arasynda ýangyn amaly sport bäsleşigi geçirildi.

Ýaş nesliň watansöýüjilik, maksadaokgunlylyk, merdanalyk häsiýetlerini has-da kämilleşdirmek, döwlet we şahsy emläkleri gözüň göreji ýaly gorap saklamak, bu ugurda ýangyn söndürmek endiklerini ele almak ýaly wajyp häsiýetleri kemala getirmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşik oňa gatnaşyjylaryň hakyky watançylyk mekdebine öwrüldi. Bu çäräniň dabaraly açylyşynda welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň watançylyk temadaky goşgularyna, berkarar Watanymyz, bagtyýar zamanamyz baradaky aýdan joşgunly aýdymlary, tans toparlarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren milli ýörelgelerimizi öz içine alýan tanslary bäsleşige gatnaşyjylaryň we bu çäräniň müňlerçe myhmanlarynyň ruhy dünýäsini has-da galkyndyrdy.

Welaýatyň Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň şahsy düzüminiň hem-de bäsleşige gatnaşyjy toparlaryň tolgundyryjy pursatlara baý bolan dabaraly ýörişinden soňra ýaryşlara badalga berildi. Bäsleşikde her biri bäş adamdan ybarat bolan toparlaryň deslapky ýaryşlardaky ýeňijileri iki görnüş – ýangyn söndüriji enjamlary ulanmak arkaly 100 metr päsgelçilikli aralygy geçmek, şeýle hem estafeta ylgawy – ýangyn söndüriji enjamlary ýüzugruna ulanyp, 400 metr päsgelçilikli aralyga ylgamak boýunça özara bäsleşdiler. Örän täsirli geçen ýaryşyň jemi boýunça Dänew etrabyndaky 18-nji orta mekdebiniň ýaş ýangyn söndürijiler topary 1-nji orna, şeýle hem Saýat etrabyndaky 31-nji hem-de Çärjew etrabyndaky 45-nji orta mekdepleriniň toparlary degişlilikde 2-nji we 3-nji orunlara mynasyp bolmaklygy başardylar. 

Bäsleşikde üstünlikli çykyş eden toparlara dabaraly ýagdaýda degişli diplomlar, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan taýýarlanan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Ýaryşda ýeňiji bolan topar bäsleşigiň döwlet derejesinde geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaklyga hukuk gazandy.