Ï Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

view-icon 2487

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident, hormatly doganym!

Siziň Alyhezretiňizi Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu mukaddes baýramyň dostlugyň, raýdaşlygyň, doganlygyň gymmatlygyny ýatladyp, musulman ymmatyna we tutuş adamzada parahatçylyk, asudalyk, bolelinlik eçilmegini arzuw edýärin.

Türkiýe Respublikasynyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk we üstünlikler baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Rejep Taýyp Ärdogan,

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Dünýäniň musulmanlary üçin sahawatlylygyň we asyllylygyň nyşany bolup durýan Oraza baýramy mynasybetli Sizi, Siziň ýakynlaryňyzy, şeýle hem Türkmenistanyň doganlyk halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn. Biz bu mukaddes baýramyň doganlyk özbek we türkmen halkynyň ruhy durmuşyndaky ornuna, jemgyýetlerimizde rehim-şepagatlylygyň, raýdaşlygyň berkarar bolmagyndaky ähmiýetine ýokary baha berýäris.

Soňky döwürde ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň barha pugtalandyrylýandygyny, onuň ähli ugurlar boýunça täze derejä çykarylýandygyny aýratyn bellemek isleýärin. Munuň özi iki halkyň jana-jan bähbitlerine laýyk gelýär. Biziň umumy tagallalarymyzyň netijesinde ýurtlarymyzyň arasyndaky köpugurly, özara bähbitli strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de yzygiderli we netijeli ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we ösüş arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Şawkat Mirziýoýew,

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Şu sahawatly günlerde Beýik Biribardan Size berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa bagtyýarlyk, parahatçylyk we bolelinlik, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin.

Yslam dünýäsiniň ähli ýurtlary üçin mukaddes bolan bu baýramyň ýokary ahlak gymmatlyklarynyň hem-de döredijilikli däpleriniň biziň halklarymyzyň arasyndaky mizemez gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň bähbidine hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Täjigistan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny kanagatlanma bilen belläp, halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça bilelikdäki tagallalarymyzy dowam etdirjekdigimize ynam bildirýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Emomali Rahmon,

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Gyrgyz Respublikasynyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi tüýs ýürekden gutlamaga şatdyryn. Tutuş dünýäniň musulmanlary tarapyndan aýratyn sarpalanýan, mübärek Remezan aýynyň tamamlanandygyny alamatlandyrýan bu baýram adamlaryň ahlak taýdan päklige hem-de rehim-şepagatlylyga ymtylýandygyny görkezýär.

Gyrgyz Respublikasyny we Türkmenistany köpasyrlyk doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Bu gatnaşyklaryň geljekde-de biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň bähbidine ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Şu sahawatly günde Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Sadyr Žaparow,

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.