Ï Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

view-icon 3409
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahsan Wagany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna netijeli pakistan-türkmen dialogyny ösdürmäge ähmiýet berýän Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň hem-de ýurduň Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarifiň mähirli salamyny ýetirdi. Ilçi Pakistanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini, umumy maksatlara we bähbitlere laýyk gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip we Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny beýan edip, doly ygtyýarly wekili ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa köpugurly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ilerletmäge gönükdirilen jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi. Bu hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny işjeň goldaýandygy üçin Pakistanyň Hökümetine minnetdarlygyny beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, özara hormat goýmaga, birek-birege düşünişmäge we ynanyşmaga esaslanýan türkmen-pakistan gatnaşyklary üstünlikli ösdürilip, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, iki ýurduň halklarynyň taryhyň dowamynda emele gelen medeni, ruhy umumylygy bilen şertlendirilendir.

Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Taraplaryň gyzyklanmasyny hem-de ägirt uly kuwwata eýe bolan iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň ösüşini nazara almak bilen, uzak geljegi nazarlaýan söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Şunda diplomat Pakistanyň türkmen döwletiniň alyp barýan oňyn daşary we içeri syýasatyny, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yklymüsti energetika hem-de ulag geçelgelerini döretmek baradaky möhüm halkara başlangyçlaryny goldaýandygyny nygtady. Şol başlangyçlar dünýä bileleşiginiň goldaw bermeginde üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisini gurmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny we elektrik geçirijisini çekmek taslamalaryny durmuşa geçirmegiň depginini mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu giň gerimli taslamalaryň amala aşyrylmagy tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine kuwwatly itergi berer.

Däp bolan ikitaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygyň wajypdygy nygtaldy. Medeniýet we sungat ulgamyndaky hyzmatdaşlyk, bilelikdäki Medeniýet günleriniň, sergileriň, ylmy-döredijilik forumlarynyň hem-de beýleki çäreleriň yzygiderli geçirilmegi bu gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow diplomaty Türkmenistanda işläp başlamagy bilen ýene-de bir gezek gutlady we oňa jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahsan Wagan hoşniýetli arzuwlary, türkmen topragynda mähirli garşylandygy, türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň meselelerine uly üns berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, özara bähbitlere laýyk gelýän döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky ysnyşykly gatnaşyklary saklamaga we pugtalandyrmaga çalşyp, men jenap Ahsan Wagany Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Jenap Ahsan Waganyň ýokary şahsy häsiýetleri onuň özüne ynanylan wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyna we hormat goýmagyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, Sizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de Siziň Alyhezretiňize meniň adymdan aýtjak sözlerine, aýratyn-da, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym, hakyky dostluk baradaky ynandyrmalarymy we Türkmenistana abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Dostlukly arzuwlar bilen,

Asif Ali ZARDARI,

Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti.