Ï Halkyň abadançylygy – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkyň abadançylygy – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

view-icon 2667
Halkyň abadançylygy – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

Şu gün Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, saglygy goraýyş işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzda ynsan saglygynyň jemgyýetiň hem döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolandygyny we şeýle bolmagynda-da galýandygyny nobatdaky gezek tassyklady.

Soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten belent sepgitleri Garaşsyz Watanymyzyň esasy üstünlikleriniň biri hökmünde ykrar edildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen kabul edilen we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ulgama innowasion tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar, öňdebaryjy dünýä tejribesi öwrenilýär, degişli infrastrukturalar döwrebaplaşdyrylýar, häzirki zaman saglygy goraýyş edaralary gurulýar. Bularyň ählisi ilata halkara ölçeglere laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemäge ýardam berýär, giň ýaýran we seýrek duş gelýän keselleri irki döwürlerde anyklamaga, netijeli bejermäge mümkinçilik döredýär.

Ýaş nesliň sazlaşykly ösmegini üpjün etmäge jogapkärli çemeleşmek bilen, döwletimiz eneligi we çagalygy goramaga aýratyn ähmiýet berýär. Saglygy berkitmek, bagtly geljegiň eýeleri hasaplanýan çagalaryň kesellemeginiň öňüni almak üçin ähli şertler döredilýär. Çagalary hemmetaraplaýyn alada we mähir bilen gurşap almak milletimize mahsus asylly ýörelgedir. Munuň özi häzirki zaman türkmen jemgyýetinde has aýdyň ýüze çykyp, halkymyzyň durmuş hem ruhy sagdynlygyny kesgitleýär.

Şu günki Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabarasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alan we saglyklaryny dikelden Türkmenistanyň ýaşajyk raýatlarynyň gatnaşmaklary bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliliginiň aýdyň görkezijisi boldy. Bagtyýar çagalar we olaryň ene-atalary öz çykyşlarynda saglyklaryny dikeltmekleri, şadyýan durmuşda doly derejeli ýaşamaklary babatda döredilen mümkinçilikler, döwletimiziň we halkymyzyň bähbidine durmuşa geçirilýän beýik işler üçin türkmen halkynyň Milli Liderine, hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler. Bu çagalara döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň martynda döredilen Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy häzirki wagtda howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny üpjün etmek we bagtyýar durmuşy ugrunda giň gerimli işleri alyp barýar.

Şol çagalara paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek, bejergi üçin çykdajylara, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde we mekdep-internatlarda terbiýelenýän we okaýan ýaş raýatlar üçin lukmançylyk maksatly enjamlary satyn almaga tölegleri geçirmek asylly däbe öwrüldi. Geçen döwürde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldawlary netijesinde gazna tarapyndan köp sanly haýyr-sahawat çäreleri geçirildi. Türkmen halkyna mahsus ynsanperwer ýörelgelere laýyklykda, Türkiýäniň, Owganystanyň, Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitiniň, Ukrainanyň we Palestinanyň ejir çeken çagalaryna ynsanperwerlik kömekleri ugradyldy. 2021-nji ýylyň tomsunda ýurdumyzyň welaýatlarynyň etrap we şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze “Tiz kömek” awtoulaglary, Mary welaýat çagalar hassahanasyna “Savina” kysymly emeli dem beriş enjamy sowgat hökmünde gowşuryldy.

Şu gün açylyp ulanmaga berlen Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine bolsa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “B.Braun” kompaniýasynyň “Dialog+” kysymly iki sany emeli böwrek enjamy sowgat berildi. Bu enjam dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglaryň ganyny arassalamak arkaly olaryň saglygyny gowulandyrmaga, ömür dowamlylygyny uzaltmaga ýardam edýär.

Öňdebaryjy innowasion enjamlar bilen enjamlaşdyrylan täze lukmançylyk merkeziniň açylmagy durmuş maksatly döwlet syýasatynyň we saglygy goraýyş maksatnamalarynyň, hususan-da, 2021 — 2025-nji ýyllar üçin niýetlenen “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly Milli strategiýanyň kabul edilmegi netijesinde mümkin boldy.

Merkez iki sany aýratyn binadan ybarat bolup, olar eneler we çagalar üçin niýetlenendir. Zenanlara lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenen bina 200 orunlyk bolup, çaga dogrulýan, göwrelileriň patologiýasy, ginekologiýa bölümlerini öz içine alýar. Çagalar binasy 260 orna niýetlenip, onda bäbekleriň patologiýasy, kiçi ýaşly çagalar, nefrologiýa, newrologiýa, mekdep ýaşly çagalar, rewmokardiologiýa bölümleri göz öňünde tutulandyr. Her binanyň öz kabul ediş, anyklaýyş-maslahat beriş, kliniki laboratoriýa, anesteziologiýa, reanimasiýa bölümleri bar. Bu bölümlerde ornaşdyrylan enjamlar ýokary derejeli bejergi we barlag işlerini geçirmäge ýardam edýär.

Anyklaýyş-maslahat beriş bölümi ultrases, kolposkopiýa barlagyny, rentgen-flýuorografiýa, elektrokardiografiýa, ehokardiografiýa, elektroensefalografiýa, fibrogastroskopiýa, kompýuter tomografiýasy barlaglaryny geçirmäge, enäniň we çaganyň bedenindäki kadany we üýtgeşmeleri tiz anyklamaga, kesel kesgitlemesini takyk goýmaga, bejergi bellemäge, ýatymlaýyn bejergä ugradylmaga, gatnawly şertlerde näsaglaryň bejergisiniň netijesine gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Ulular üçin barokamera otagy hem bar. Mundan başga-da, bölümde fizioterapiýa we bejeriş-bedenterbiýe otaglary bolup, bellenilýän goşmaça bejergiler öz oňyn täsirini berýär. Barlaghana bölümi lukmançylyk laboratoriýa ulgamynyň ösen tehnologiýalaryny özünde jemleýän iň kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu bölümde laboratoriýa barlaglarynyň ähli görnüşleri geçirilýär. Olar adam bedeniniň örän möhüm agzalarynyň we ulgamlarynyň gurluş-funksional işjeňligini anyklaýar.

Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň esasy bölümleriniň biri hem çaga dogrulýan bölümdir. 100 orunlyk bu bölüm ýöriteleşdirilen akuşerçilik kömegini bermek üçin ähli zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylan 15 sany dogrum otagyndan ybaratdyr. Merkeziň bölümleriniň bir we iki orunlyk otaglary döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Olaryň her birinde ähli zerur şertler, şol sanda işgärleri çagyrmak üçin ulgam göz öňünde tutulandyr. Şeýle hem olara merkezleşdirilen kislorod üpjünçiligi çekilendir.

Hassahananyň düzüminde dolandyryş bölümi, ýygnaklary, onlaýn hem-de beýleki maslahatlary geçirmek üçin 120 we 100 orunlyk mejlisler zaly, näsaglar, işgärler üçin naharhana, döwrebap awtoduralga, egin-eşik ýuwujy we zyýansyzlandyryjy bölümler bar. Merkezde welaýatyň maşgala lukmanlarynyň, şepagat uýalarynyň, beýleki işgärleriň hünär derejelerini kämilleşdirmek üçin okuw merkezi hereket eder.

Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara ýygnananlar ýaş nesil hakynda edýän aladalary hem-de ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak ugrunda durmuşa geçirýän işleri üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri özleri barada edilýän aladalara jogap edip, geljekde-de Garaşsyz Watanymyzyň iň ýokary gymmatlygy bolan ynsan saglygyny goramak we berkitmek ugrunda güýçlerini, bilimdir tejribelerini gaýgyrman zähmet çekerler.

Täze açylan merkeze ýörite awtoulaglar sowgat berildi. Ol welaýatyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etmek bilen, raýatlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge mynasyp goşandyny goşar.