Ertekileriň, rowaýatlaryň we gadymy hekaýatlaryň köpüsinde ýylan paýhaslylygyň nyşany we kesel bejermekde kömekçi diýlip agzalýar. Tebigatda ýylanlar ekologik ähmiýete eýe bolup, ýabany haýwanlaryň iýmiti babatda möhüm orun tutup, käbir aw guşlary we süýdemdirijiler üçin ätiýaçlyk iýmit bolup hyzmat edýär.
16-njy iýulda bu üýtgeşik haýwanlary halaýanlar Bütindünýä ýylanlar gününi belleýärler.
Ýurdumyzda aprel aýy ekin meýdanlarynda, baglarda, üzümçiliklerde we melleklerde işleriň, şeýle hem howply oňurgasyz mör-möjekleriň, şeýle hem zäherli süýrenijileriň ukudan oýanýan döwrüdir. Şu günler ýurdumyzyň gerpertologlary bagda işlänlerinde we ekinlere ideg edenlerinde seresaply bolmak barada syýahatçylaryň, çopanlaryň we daýhanlaryň hem-de oba ilatynyň arasynda düşündiriş işlerini geçirýärler. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň uly ylmy işgäri Olesýa Gökbatyrowa ýylanlaryň häsiýetli endikleri, özüni alyp baryş aýratynlyklary we daşky görnüşi barada şeýle gürrüň berýär:
– Türkmenistanyň çäginde ýylanlaryň 32 görnüşi bolup, olaryň dördüsi – Merkezi Aziýa kepjebaşy, galkanburun, gum alahöwreni we göklors zäherlidir. Olar aspidler we alahöwrenler maşgalasyna degişlidir.
MERKEZI AZIÝA KEPJEBAŞY – uly (uzynlygy – 190 sm) ýylan. Ýaşajyklarynyň arkasynda gara reňkli kese zolaklar bar, bu olary zähersiz lorsa meňzedýär. Süýrenijiler ýurduň çetki demirgazyk-günbataryndan başga hemme ýerde duş gelýär. Mart aýynyň ahyrynda – aprel aýynyň başynda hininden çykýarlar. Oktýabryň ortalaryna gyş ukusyna gidýärler. Adamlary kepjebaşyň çakan wagty seýrekdir, çünki ol özüne howp abananda başyny galdyryp, alkymyny çişirýär we gaty haşşyldaýar.
GALKANBURUN – uly däl (uzynlygy – 70 sm çenli, agramy – 80 gr). Çal ýa-da goňur reňkli, sährakysmy we daşly beýik dagly ýerlerde duşýar. Aprelden oktýabra çenli ýer üstünde. Kepjebaşdan, alahöwrenden we göklorsdan zäheri pes bolsa-da, çaksa adamy awundyrýar.
GUM ALAHÖWRENI – ortaça ululykda (has ulylaryň uzynlygy – 94 sm, agramy – 400 gr). Teni çal-gum reňklidir, böwri egri zolakly. Kellesinde uçup barýan guşy ýada salýan açyk reňkli haç şekili bar. Ol düzlük ýerlerde, derýalaryň jülgelerinde we dag etek baýyrlarda duş gelýär. Alahöwreniň ilkinji gezek gabat gelen wagty ýanwar aýynda howa + 15 gradusa ýetende hasaba alyndy. Bimaza edilende ýylan halka bolup ýokary galýar-da, «duşmanyna» bakyp durýar, halkalaryny bir-birine sürtýär. Haşşyldaýar. Hüjüm edýän wagty az duş gelýär.
GÖKLORS – zäherli ýylanlaryň iň ulusydyr (uzynlygy – 170 sm, agramy – 2,7 kg). Arkasy çal-gum ýa-da gyzyl-goňur reňkli, Köpetdagda, Köýtendagda, Tejen, Murgap derýalarynyň we Amyderýanyň jülgelerinde gabat gelýär. Köpetdagda we Köýtendagda beýik dag sähralarynda, otluk, gyrymsy agaçly gaýa jülgelerde we eňňitlerde, Bathyzda – baýyrlarda we gaýalarda, Garabilde – çägelik ýerlerde ýaşaýar. Derýalaryň jülgelerinde kenarýaka gaýalarda, kölleriň töwereginde, gowaça we galla meýdanlarynda, baglarda, üzümçiliklerde we harabalyklarda ýaşaýar. Ýylan ep-esli aralyga göçüp biler. Daglaryň eňňitlerinde gyşlaýar, howa gyzyberse suw çeşmelerine ýakynlaşýar we tomusda suwda ýüzýär. Gahary gelse haşşyldap, haýbat atýar we «duşmanyň» üstüne özüni zyňýar. Ot ýygylanda, ekin meýdanlarynda işlenende, miweler ýygnalanda onuň çakmagyndan ägä bolmaly. Eger-de ol siziň bagyňyza-mellegiňize giren bolsa, «Gyzyl kitaba» giren göklorsy degişli hünärmeniň kömegi bilen başga ýere äkitmeli.
Daş görnüşi hem-de özüni alyp barşy babatda zäherli we zähersiz ýylanlar gaty bir tapawutlanmaýar we olary baharda gür otlaryň arasynda görmegem gaty kyn. Diňe herpertolog, tejribeli margir olary tanap biler.
Zäherli ýylan çakan ýagdaýynda ejir çekene dogry ilkinji kömek bermeli. Ilki bilen ýarany kaliý margansowka ergini we suw bilen ýuwmaly. Ejir çeken rahat ýatmaly. Gan bedende mümkin boldugyça haýal aýlanar ýaly ýylan çakan ýeri hereketsiz bolmaly. Ýylan çakan ýeri edil döwükdäki ýaly gymyldatmaly däl, ýagny ýylan çakan ýere has ýakyn iki boguny daňmaly. Zäheriň bir böleginiň bedenden tebigy ýagdaýda çykmagy üçin suw ýa-da gök çaý içmek peýdalydyr. Gyssagly tiz kömek çagyrmaly ýa-da ejir çekeni hassahana äkitjek bolmaly, sebäbi ejir çekene ýylan awusyna garşy syworotka (monowalentli ýa-da poliwalent) gerek.
Eliňe taýak alyp ýa-da siňňin syn edip, iş ýa-da dynç alyş ýerini deslapdan gözden geçirmeli. Obadaky jaýlaryň öňündäki otlary ormaly. Syýahat edilende, uzyn gonçly ädik geýmeli, jalbar dar bolmaly däl. Aýagyňyzda köwüş bar bolsa, jalbaryňyzy jorabyňyza gysdyryň. Galyň ýüň jorap hem ýylanyň çakmagyndan goraýar. Açyk meýdanda gije ýatmakçy bolsaňyz seýrek we pes ösümlikli depede, dürli hinlerden we gaýalardan uzakda bolsaňyz has gowudyr. Çadyryň aşagyny açyk goýmaly däl, ýatyş haltasyna girmezden we goşhalta el urmazdan ozal ol ýerde garaşylmaýan jandarlaryň bardygyny ýa-da ýokdugyny barlamaly.