Ï Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

view-icon 4089
Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

2024-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Moskwadaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Çärä Moskwa we Sankt-Peterburg şäherleriniň ylmy jemgyýetçiliginiň, Russiýanyň döwlet edaralarynyň, türkmen diasporasynyň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Russiýadaky Ilçisi E.Aýdogdýýew gatnaşyjylara gutlag sözünde hususan-da, Döwlet Baştutanymyzyň bu eseriniň türkmen halkynyň örän baý taryhy-medeni mirasyny gaýtadan dikeltmek, ony dünýäde wagyz etmek boýunça alnyp barylýan syýasatyň aýdyň beýanydygyny nygtamak bilen, dürli ýurtlaryň taryhçylaryň, arheologlarynyň arasyndaky gatnaşyklarynyň ösmegine, Türkmenistanyň çäginde bilelikdäki arheologiki we etnografiki ekspedisiýalary guramaga özboluşly itergi berýändigini belledi.

Arheologlar toparynyň düzüminde birnäçe gezek Türkmenistana gelip gören Türkmen-rus Margiana arheologik ekspedisiýasynyň ýolbaşçysy, arheolog N.Dubowa ýurdumyzyň çäginde ägirt uly we gaýtalanmajak arheologiki miras gatlagynyň bardygyny nygtamak bilen, özüniň baý gözleg tejribesi bilen paýlaşdy.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş eden Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Etnologiýa we antropologiýa institutynyň müdiriniň orunbasary R.Starçenko, M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň ylmy işgäri A.Krol, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Ählumumy taryh institutynyň ylmy işgäri T.Kotýukowa, Gündogar halklarynyň sungaty muzeýiniň müdiriniň orunbasary I.Zaýsew, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň esasy ylmy işgäri L.Kirço öz çykyşlarynda Türkmenistanyň alyp barýan halkara hyzmatdaşlygy nukdaýnazaryndan kitabyň neşir edilmeginiň ylmy-taryhy ugurda we muzeý işi üçin diňe bir nazary däl, eýsem amaly häsiýete hem eýedigini bellediler. Şol bir wagtyň özünde, kitabyň awtorynyň çuňňur taryhy bilimleri, tema aralaşmagy, şeýle-de ummasyz, faktlara esaslanýan ylmy maglumatlary Türkmenistanyň we ýurduň çäklerinden daşyndaky giň okyjylar köpçüligine düşnükli görnüşde ýetirmek ukyby aýratyn nygtaldy.

Çäräniň dowamynda döwletara gatnaşyklarynyň wajyp bölegi hökmünde Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky ylmy hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada täsirli pikir alyşmalar boldy.