Ï Ýeňiş güni mynasybetli weteranlara gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýeňiş güni mynasybetli weteranlara gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar

view-icon 3822
Ýeňiş güni mynasybetli weteranlara gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar

Ýeňiş güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan weteranlara gymmat bahaly sowgatlary gowşurylar. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda Ýeňiş güni egsilmez joşgun, buýsanç duýgulary bilen giňden bellenilýär. Geljek nesilleriň parahat we bagtyýar durmuşyny goran uruş weteranlary barada döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn alada edilýär. Olaryň saglygyny goramak we dikeltmek boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär.

Her bir güni milli we halkara ähmiýetli wakalara beslenýän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem Ýeňiş baýramynyň şanyna baý many-mazmunly syýasy-jemgyýetçilik, medeni ähmiýetli çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Asylly däbe eýerilip, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň gahrymançylygy hem-de uruş ýyllarynda zähmet çeken ak saçly eneleriň görkezen nusgalyk edermenligi hormatlanyp, olara dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiziň adyndan pul serişdeleri, gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyza we döwlet Baştutanymyza 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylar, ýaşuly neslimiz barada edýän aladalary, olaryň durmuş goraglylygy babatda yzygiderli berýän goldawlary üçin ýaşuly nesliň adyndan sagbolsun aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda gahrymançylygyň we zähmetsöýerligiň belent nusgasyny görkezen uruş hem zähmet weteranlary üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy. Olar ýaş nesillerimizde watançylyk, gaýduwsyzlyk, edermenlik ýaly belent ahlak häsiýetlerini terbiýeleýärler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz uruş weteranlaryna, uruş ýyllarynda ýurdumyzda zähmet çeken enelerimize 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşurmagy, Ýeňiş güni bilen bagly çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.