Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň wekilleri sanly gurşawda adam hukuklarynyň goragyna bagyşlanan maslahata gatnaşdylar. Bu çäräni Russiýa Federasiýasynyň adam hukuklary boýunça ygtyýarlandyrylan wekiliň edarasy O.Kutafin adyndaky uniwersitetiniň adam hukuklary boýunça ylmy-okuw merkezi bilen bilelikde gurady.
Mowzugy ara alyp maslahatlaşmaga wideo konferens-aragatnaşyk boýunça Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Ýewraziýa giňişligindäki beýleki ýurtlaryň milli hukuk goraýjy guramalarynyň wekilleri-de goşuldylar.
Maslahata gatnaşýanlary Russiýa Federasiýasynyň adam hukuklary boýunça ygtyýarlandyrylan wekiliň iş edarasynyň ýolbaşçysynyň birinji orunbasary, hukuk ylymlarynyň kandidaty I.Çeçelnitskiý we adam hukuklary boýunça ylmy-okuw merkeziniň ýolbaşçysy, professor I.Dudko gutlady. Maslahatda «Şahsy maglumatlar subýekti hökmünde adam hukuklarynyň goragy», «Söz azatlygyna we internet aragatnaşygynda metbugat howpsuzlygyna hukuk», «Mobil goşmaça programmalary ulanyjylar üçin jenaýat kanuny töwekgelçiligi» mowzuklarynda çykyşlar diňlenildi.
Maslahata gatnaşanlar onuň mowzugynyň wajyplygyny, şeýle hem milli hukuk goraýjy guramalaryň arasynda adam hukuklarynyň dürli ugurlary boýunça aň-bilim işinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we tejribe alyşmagyň möhümdigini bellediler.