Ï Türkmenistanyň žurnalistleri «Serhetsiz Hazar-2024» bäsleşigine gatnaşmaga çagyryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň žurnalistleri «Serhetsiz Hazar-2024» bäsleşigine gatnaşmaga çagyryldy

view-icon 2198
Türkmenistanyň žurnalistleri «Serhetsiz Hazar-2024» bäsleşigine gatnaşmaga çagyryldy

Astrahanda «Serhetsiz Hazar» atly iň gowy žurnalist işi üçin XI bäsleşik başlandy. Oňa, adatça, Türkmenistandan we beýleki Hazarýaka ýurtlardan žurnalistler gatnaşýar. Her ýyl geçirilýän bu bäsleşikde şu ýyl aşakdaky ugurlar bar:

– «FotoHazar» (Hazar sebiti ýurtlarynyň ykdysadyýet, ekologiýa, medeniýet, bilim we syýahatçylyk ugurlaryndaky döwletara hyzmatdaşlygy boýunça iň gowy fotosurat);

– «Adam we deňiz» (Hazar deňziniň ekologiýasy meselelerine bagyşlanan iň gowy bäsleşik işi);

– «Hazar deňzi ýurtlaryny açyp» (medeniýet, gözel ýerler we syýahatçylyk meselelerine bagyşlanan iň gowy bäsleşik işi);

– «Hazar deňzi saglyk mekanydyr» (sport we sagdyn durmuş ýörelgelerine bagyşlanan iň gowy bäsleşik işi);

– «Täze garaýyş» (30 ýaşa çenli bäsdeş tarapyndan islendik ugur boýunça iberilen iň gowy bäsleşik işi).

Bäsleşige gatnaşmaga Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Türkmenistanyň habar beriş serişdeleri, döredijilik toparlary, birleşikleri we ýazyjylary çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak isleýänler elektron görnüşindäki arzalaryny 2024-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli kaspcontest@astrobl.ru elektron poçta salgysyna ibermelidir.

Bäsleşige 2023-nji ýylyň 12-nji iýunyndan 2024-nji ýylyň 9-njy iýunyna çenli çap görnüşindäki metbugatda, internet neşirlerinde, telewizion we radio ýaýlymlarynda çykan eserler kabul edilýär. Döredijilik bäsleşiginiň beýleki jikme-jik maglumatlaryny Astrahan sebitiniň döwlet häkimiýetiniň ýerine ýetiriji edaralarynyň portalyndan tapyp bilersiňiz.

Bu ilhalar taslamany sebit häkiminiň edarasy we döwlet dolandyryş ministrliginiň welaýat bölümi guraýar. On ýylyň dowamynda bu žurnalistika bäsleşigine 500 töweregi habar beriş serişdesi we ýazyjy gatnaşdy, gatnaşýanlaryň sany ýylsaýyn artýar. Bäsleşigiň netijelerini jemleme we ýeňijilere hem baýrakçylara sylag gowşurma dabarasy, adatça, nobatdaky Hazar metbugat forumynyň çäginde geçirilýär.