23-nji aprelde Türkiýede çagalar güni döwlet baýramy bellenildi. Bu wakalar mynasybetli Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldawy bilen «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy we Bilelikdäki türkmen-türk mekdebiniň bilelikde guran «Ýaşyl geljegiň umytlary» çagalar festiwaly geçirildi.
Onuň açylyş dabarasynda mekdep okuwçylary milli lybaslarda türk we türkmen halk tanslaryny ýerine ýetirdiler. Oýunbazlaryň we adam boýly gurjaklaryň çykyşlary çagalarda ýakymly täsir galdyrdy. Has gujurly çagalar dürli bäsleşiklere we oýunlara gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň wekilleriniň pikirine görä, baýram diňe bir gyzykly bolman, eýsem, peýdaly hem bolmaly. Şonuň üçinem 30-njy martda bellenilýän «Galyndysyz dünýä ugrunda» halkara gününiň çäklerinde ýaş nesil üçin daşky gurşaw sowatlylygyny ösdürmäge we tebigatda özüňi alyp barşyň kadalary barada bilimleri giňeltmäge gönükdirilen maksatnama taýýarlandy.
Intellektual we amaly meseleleri öz içine alýan eko-gözleg mekdep okuwçylarynyň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Toparlara bölünen çagalar daşky gurşaw meselelerini çözdüler – suwy tygşytlamagy, durmuş galyndylaryny tertipleşdirmegi öwrendiler, şeýle hem ösümlikler we daş-töwerek baradaky rebuslary çözdüler. Barlagy üstünlikli tamamlan oýunçylara höweslendiriji baýraklar gowşuryldy.
Mundan başga-da, festiwalyň meýdançasynda gaýtadan işlenen materiallardan ýasalan işleriň sergisi geçirildi. «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň ozal https://turkmenistan.gov.tm/ru/post/82531/obyavlen-konkurs-podelok-iz-vtorsyrya yglan eden bäsleşigine köp sanly özboluşly işler gelip gowuşdy. Olaryň arasynda Muhabbet Berdiýewanyň öz döreden önümleri bar.
– Men ýörite bu festiwala gatnaşmak üçin Mary şäherinden geldim. Öýümizde hiç wagt galyndy bolmaýar, çünki döredijilik işinde islendik zady peýdalanyp bilýärin. Mysal üçin, karton – bezelen gutulary ýasamak üçin gowy materialdyr, islendik düwme stimpank usulynda amaly-haşam sungaty işleri bezelende ýerlikli ulanyp bolar – diýip, gürrüň berdi.
Bäsleşige hödürlenen işlere üýtgeşikligi, ulanylyş amatlylygy we ekologiýa taýdan ýerlikliligi babatda baha berildi. El işleri bäsleşigine gatnaşanlaryň hemmesine «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň şahadatnamalary we nyşanly sowgatlary gowşuryldy.