Ï «Parfiýa gurluşyk» hususy kärhanasy azyk önümleriniň bolçulygyna mynasyp goşant goşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Parfiýa gurluşyk» hususy kärhanasy azyk önümleriniň bolçulygyna mynasyp goşant goşýar

view-icon 2414
«Parfiýa gurluşyk» hususy kärhanasy azyk önümleriniň bolçulygyna mynasyp goşant goşýar
camera-icon
Andreý Pakulow

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynda hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň, maddy hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlanmagynda hususy hojalyk ulgamynyň önüm öndürijileri abraýly orny eýeläp, göwnejaý hyzmatlary bitirýärler. Olar kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegi, täze önümçilik kuwwatlyklaryny işe girizip, bol we ýokary hilli önümleri öndürmegi baş maksat edinýärler.

Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherindäki «Parfiýa gurluşyk» hususy kärhanasy-da şeýle göreldeli önümçilik bölümlerini döwrebap ýola goýdy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzasy bolan hususy kärhananyň düzüminde işe girizilen unaş önümleri kärhanasynyň işgärleri indi birnäçe ýyl bäri içerki bazarlaryň sarp edijilerine oňat hyzmat edip gelýärler. 

Döwletimiziň telekeçiligi ösdürmäge ýurt derejesinde berýän yzygiderli hemaýat-goldawlaryndan ruhlanan kärhananyň agzybir hünärmenleri uly işleri amala aşyryp, Günbatar sebitiň ýaşaýjylaryny ýokary hilli unaş önümleri bilen üpjün etmäge mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ösen enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilen bu hususy kärhananyň önümhanasynda taýýarlanýan önümler täzeligi bilen alyjylara ýetirilýär. Kärhanada türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän guşgursak ak bugdaýyň unundan unaş önümleriniň üç görnüşi öndürilýär. Bu arzyly, geçginli önümler 500 gramlyk, 1 we 5 kilogramlyk ýaraşykly gaplarda söwda nokatlaryna iberilýär. Şeýle-de kärhanada konditer önümlerini öndürmekde öňegidişlikleriň gazanylmagy guwançly ýagdaýdyr.

Täzelikde bolsa kärhananyň binýadynda börek öndürýän täze ulgamyň işe girizilmegi bilen bu ýerde taýýarlanylýan islegli, bereketli azyk önümleriniň möçberi ep-esli derejede artdy. Has takygy, her iş günde börek önümleriniň 100-150 kilograma çenlisi öndürilýär. Bu bolsa bölümiň ýyllyk önümçilik kuwwatynyň üç tonnadan gowrakdygyny aňladýar. Ak undan hem-de sygyr etinden taýýarlanýan arassa, tagamly önümlere-de islegler barha artýar. Şonuň ýaly-da 500 gramlyk, 1, 3, 5 kilogramlyk göze gelüwli, owadan gaplardaky «Uzboý» atly börek önümleri sarp edijilere dessine ugradylýar.

Balkanabatly işewür telekeçiler öndürýän önümleriniň tebigy taýdan arassa, bäsleşige ukyply bolmagyny durnukly üpjün edýärler. Ýakyn geljekde-de olar kärhananyň önümçilik kuwwatyny artdyryp, öz önümlerini daşarky bazarlara çykarmagy maksat edinýärler.