Ï German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň dolandyryjy müdiri bilen duşuşyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň dolandyryjy müdiri bilen duşuşyk

view-icon 1894
German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň dolandyryjy müdiri bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň dolandyryjy müdiri Mihael Harmsyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada durup geçip, söhbetdeşler üstünlikli ösdürilýän söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn gepleşikleriň ýokary derejesini alamatlandyrýandygyny kanagatlanma bilen nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň işine aýratyn ähmiýet berilýär.

Söhbetdeşler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň sentýabrynda Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmen-german işewürlik forumyna gatnaşmagynyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin täze kuwwatly itergi berendigini bellediler.

Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda geçen ýylyň noýabr aýynda gol çekilen Türkmenistan bilen GFR-iň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2024-2025-nji ýyllar üçin Ýol kartasyny durmuşa geçirmegiň barşyna üns berildi.