Ï Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat

view-icon 2266

Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Ahalteke bedewi türkmen halkynyň kalbynda uly orun eýeläp, onuň buýsanjy we milli mertebesi hasaplanýar. Bu ajaýyp bedewler asyrlaryň dowamynda türkmenleriň wepaly hemrasy bolmak bilen, olara şatlyk, gözellik eçilipdir. Ahalteke bedewi öz köpasyrlyk şöhratly taryhynda Türkmenistanyň hakyky nyşanyna öwrüldi. Ol türkmen halkynyň wepadarlyk, gujur-gaýratlylyk, mertlik ýaly iň gowy häsiýetlerini özünde jemleýär. Bu gün biz türkmen bedewleriniň diňe bir şöhratly taryhyny ýatlamak bilen çäklenmän, bu täsin mirasy gorap saklamak we ösdürmek işlerine üns berýänleriň ählisine hoşallygymyzy beýan edýäris. Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, hakyky sungat eseridir.

Siziň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyny döretmek baradaky parasatly çözgüdiňiz atşynaslyk sungatyna sarpa goýýanlaryň ählisi üçin ylham çeşmesine öwrüldi. Siziň şahsy goşandyňyz hem-de tagallalaryňyz netijesinde Türkmenistanda atçylygy ösdürmek, atlary ýetişdirmegiň gadymdan gelýän ýörelgelerini dowam etdirmek, behişdi bedewleriň bütin dünýäde şöhratyny artdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç, pursatdan peýdalanyp, Size täze üstünlikleri, ähli başlangyçlaryňyzyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw edýärin!

Çuňňur hormatlamak bilen,

Wiktor Maýko,

Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi.