Ï Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

view-icon 2770

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda behişdi bedewlerimiziň şanyna giňden hem-de uly dabara bilen bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen atşynaslyk sungatyny has-da ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Ata-babalarymyzyň döreden maddy gymmatlyklarynyň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan türkmen bedewleri halkymyzyň buýsanjydyr. Dünýäniň atçylyk sungatynyň ösmegine goşant goşan behişdi bedewlerimiz halkymyzyň genji-hazynasydyr we milli mirasynyň ajaýyp nusgasydyr.

Siziň baştutanlygyňyzda eziz Diýarymyzda atçylygy we atçylyk sportuny dünýä derejesinde ösdürmek ugrunda giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ahalteke atçylygyny ösdürmek boýunça halkara assosiasiýanyň döredilmegi we onuň ştab-kwartirasynyň paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşdirilmegi dünýäniň dürli döwletleri bilen bu ugurda alnyp barylýan halkara gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge hem-de ýakyn hyzmatdaşlygy saklamaga uly mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlarynyň, okuw-ylmy merkezleriniň, athanalaryň gurulmagy atşynaslarymyzyň irginsiz we ýadawsyz çekýän zähmetini döwrebap derejede guramaga ýardam edýär. Ýurdumyzda atçylyk pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga hem aýratyn üns berilmegi, hususan-da, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň döredilmegi atçylyk pudagynyň ösmegine goşant goşmak bilen, ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrýar.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siz: «Ata-babalarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen mukaddes türkmen topragynda ýetişdirilen we ajaýyplygy, syratlylygy, ýyndamlygy bilen şan-şöhrata eýe bolan behişdi bedewler halkymyzyň milli gymmatlygydyr we buýsanjydyr» diýip nygtaýarsyňyz. Siziň belleýşiňiz ýaly, türkmen topragynda pederlerimiz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Wepadarlygy, owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy bilen halkymyzyň göz guwanjyna, ýakyn syrdaşyna öwrülen behişdi bedewlerimiz il-günümiziň uçar ganatydyr, köňül buýsanjydyr.

«Atdyr ýigidiň ganaty», «At — ýaryşda, är — söweşde», «At — ýigidiň ýoldaşy», «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» ýaly nakyllardyr pähimli sözler hem halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri bedewe goýýan uly hormat-sarpasynyň nyşanydyr.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Siziň tagallaňyz bilen Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly adyň dakylmagy, Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisiniň, ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşiginiň, at çapyşyklarynyň, atçylyk sporty bilen baglanyşykly ýaryşlaryň, şol sanda uzak aralyga atly ýörişleriň, bedewleriň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda bäsleşikleriň geçirilmegi ýurdumyzda milli mirasymyza uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň güwäsidir.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň abraýly halkara festiwallarda we bäsleşiklerde yzygiderli çykyş edip, iň ýokary baýraklara mynasyp bolmagy hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň guwandyryjy miweleridir. Bu toparyň at üstünde ussatlyk bilen ýerine ýetirýän çylşyrymly tilsimleridir oýunlary dünýäde uly meşhurlyk gazandy, ýurdumyzyň we gözelligi göreni haýrana goýýan ahalteke bedewlerimiziň şöhratyny dünýä ýaýdy. Türkmen halky ençeme maddy gymmatlyklary döreden, umumadamzat medeni gymmatlyklaryna uly goşant goşan halkdyr. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli we dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanýan bedewlerimiziň Ýer ýüzündäki at-abraýyny has-da dabaralandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda uly dabaralara beslenip bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyz mundan beýläk hem rowaç bolsun!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri, 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, 

Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow.