Ï Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

view-icon 3560
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Şu gün Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Ahalteke atlary gaýtalanmajak gözelligi, ajaýyplygy, ýyndamlygy, çeýeligi we çydamlylygy bilen dünýäde şan-şöhrata eýe bolýar. Waspy belentden ýetirilýän behişdi bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjy bolmak bilen, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan çäksiz goşandydyr. Häzirki döwürde ahalteke bedewleri ýurdumyzyň baş nyşanyna, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik kuwwaty bilen täze belentliklere tarap öňe gitmeginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Ýurdumyzda bedewleri ösdürip ýetişdirmek we olary seýislemek bilen meşgullanýan, milli gymmatlyk hökmünde nesilden-nesle geçirilip gelinýän atlaryň nesil ugruny mynasyp dowam etdirýän ussat atşynaslar, seýisler sarpalanylýar. Bu asyl däpler häzirki döwürde ösüşiň täze derejesine çykarylýar, atçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar. Türkmen atşynaslygynyň bu ugurdaky halkara tagallalara goşulyşmagy bolsa bedewleriň baş sanynyň artdyrylmagynda, dünýä atçylygynda Türkmenistanyň öňdäki orunlarda ykrar edilmeginde ähmiýetli ädim bolup durýar. Şunda döwlet Baştutanymyz ylmy-barlag hem-de seçgiçilik işleriniň alnyp barylmagyny, bu işlerde dünýä tejribesiniň, täze tehnologiýalaryň özleşdirilmegini, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň hünärmenleriniň tagallalarynyň birleşdirilmegini, milli atçylyk sportuny mundan beýläk-de ösdürmegi möhüm ugurlar hökmünde kesgitledi. Bularyň ählisi ahalteke bedewleriniň täze neslini ösdürip ýetişdirmäge, olaryň şöhratyny artdyrmaga gönükdirilendir.

...Ir bilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy dabara gatnaşyjylary we myhmanlary baýramçylyk ruhunda garşylady. Bu ýokary okuw mekdebi şu gün behişdi bedewleriň hormatyna geçirilýän bäsleşikleriň ýaýbaňlandyrylýan merkezine öwrüldi. Hemme ýerde türkmen toýuna mahsus görnüşler emele getirilip, joşgunly aýdym-sazlar ýaňlanýar, ýurdumyzyň döredijilik toparlary iň gowy çykyşlaryny görkezýärler.

Toplumyň esasy girelgesiniň öňündäki meýdançada döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Arkadag şäheriniň häkimi garşylaýarlar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem bar. Şeýle-de bu ýere belli atşynaslar, atçylyk pudagynda zähmet çekýän hünärmenler ýygnandylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulagy Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna gelýär.

Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda ýerine ýetirilen sazly-horeografik kompozisiýalar dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Olaryň halkymyzyň bedew atlaryna çäksiz söýgüsini beýan edýän aýdym-sazlarynyň owazy astynda joşgunly tanslar ýerine ýetirildi. Şeýle hem milli baýram mynasybetli gutlag sözleri aýdyldy.

Täsirli çykyşlary üçin sungat ussatlaryna minnetdarlyk bildirip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýapyk maneže bardy.

Bu ýerde Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde atly sport çykyşlary guraldy. Olaryň başarjaňlygy we çylşyrymly tilsimlere ussatlyk bilen erk edişleri, çalasynlygy hemmeleri haýran galdyrdy. Üstünlikli çykyşlar talyplaryň her günki ýadawsyz türgenleşiginiň netijesidir. Bedewler çapyksuwarlaryň başarjaň erk etmeginde çylşyrymly, täsin tilsimleri görkezýärler. Şunuň ýaly atçylyk sport görnüşleri tomaşaçylarda uly joşgun döredýär.

Görkezme çykyşlary tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow açyk maneže barýar hem-de özi üçin bellenen ýere geçýär.

Ähli türkmen halkynyň adyndan döwlet Baştutanymyza, türkmen halkynyň Milli Liderine Watanymyzyň rowaçlygy ugrunda alyp barýan köpugurly işleri we ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratynyň has-da belende göterilmegi babatda tagallalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözleri beýan edilýär. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli gutlaglar, Watanymyzy ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işlerde täze üstünliklere ýetmek baradaky arzuwlar ýaňlanýar.

Halkymyzyň atşynaslyk sungaty bilen bagly baý medeni mirasyny, däp-dessurlaryny, ýörelgelerini aýawly saklamak, täzeden dikeltmek meseleleri döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanylýar.

Ýurdumyzda atşynaslar uly hormat-sarpa bilen gurşalandyr. Şeýle ussat atşynaslaryň biri ussat seýis, zehinli atşynas-seçgiçi hökmünde tanalýan meşhur Aba Annaýewdir. Türkmen atşynaslyk sungatyny ösdürmäge, onuň gadymy däplerini nesilden-nesle geçirmäge, ady rowaýata öwrülen ahalteke tohum atlaryny gorap saklamak we kämilleşdirmek işine uly goşant goşan Aba Annaýewiň bitiren hyzmatlary uludyr. Ol ahalteke bedewleriniň tohum arassalygynyň saklanylmagynda tagallalaryny gaýgyrmandyr. Merdana ata-babalarymyz täsin, ynsana mahsus duýgurlygy, eýesine wepalylygy bilen tapawutlanýan atlaryň seçgiçilik işiniň kämilleşdirilmegine hemişe uly üns beripdirler. Olar ýelden ýüwrük bedewleri ösdürip ýetişdirip, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy geljek nesillere miras galdyrypdyrlar. Türkmen atşynaslary häzirki döwürde bu işi mynasyp dowam etdirýärler.

Bu ugurda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly tagallalary häzirki wagtda öz oňyn netijesini berýär. Ahalteke bedewleri baradaky ajaýyp kitaplaryň awtory, tejribeli, ussat çapyksuwar Gahryman Arkadagymyzyň maksada okgunly, döredijilikli işi arassa ganly bedewleri ösdürip ýetişdirmek ýörelgeleriniň dikeldilmegine, aýawly saklanylmagyna hem-de ösdürilmegine, döwrebap ugurdaş düzümiň kemala getirilmegine, at üstündäki milli oýunlary, atly sportuň görnüşlerini dünýä ýaýmaga ýardam etdi.

Taryhy we häzirki zaman maglumatlaryny ylmy taýdan seljermegiň, baýlaşdyrmagyň netijesinde behişdi bedewler barada döredilen ajaýyp kitaplar Milli Liderimiziň jöwher paýhasyna degişlidir. Uly meşhurlyga eýe bolan bu eserler dünýäniň dürli dillerine terjime edilip, daşary ýurtly okyjylar, ahalteke bedewleri bilen gyzyklanýan hünärmenler we alymlar üçin hem elýeterlidir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirmek bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz behişdi bedewlere aýratyn sarpa goýýar, milli atşynaslyk pudagyny täze belentliklere çykarýar, ýurdumyzda pudagyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, atly sport görnüşlerini, milli atşynaslyk däplerini wagyz etmek boýunça giň gerimli işleri durmuşa geçirýär.

Pudagyň ösüşine goşmaça depgin bermek, at çapyşyklarynda hem-de atçylyk sportunyň dürli görnüşleri, hususan-da, konkur we at üstündäki milli oýunlar boýunça üstünlikli çykyş etmegi üpjün etmek maksady bilen, türgenleriň taýýarlanylmagyna möhüm üns berilýär. Pudagyň ylmy taýdan ösdürilmegine, ýokary derejeli ýaş hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, bu ugurdaky ylmyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine uly ähmiýet berilýär. Geçen ýyl Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açylyp ulanmaga berilmegi bu ugurda wajyp ädim boldy. Bu ýerde Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi hem hereket edýär.

Ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça ýurdumyzyň, daşary ýurtly atşynaslaryň alyp barýan işlerine mynasyp baha berilýär. Olara “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy”, “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary”, “Türkmenistanyň halk atşynasy”, “Türkmenistanyň ussat halypa seýsi” ýaly hormatly atlar dakylýar.

...Atçylyk pudagyny ösdürmek baradaky aladalaryna çäksiz hoşallygyň nyşany hökmünde ahalteke bedewlerini sowgat hökmünde kabul etmek üçin hormatly Prezidentimiz uly hormat bilen syn ediş meýdançasyna çagyrylýar.

Meýdançada döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň welaýatlarynyň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri garşylaýarlar. Bedewler yzly-yzyna meýdança çykarylýar. Hormatly ýaşulular, ýetginjek oglanlar, welaýatlaryň häkimleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzy mübärekläp, bedewleriň şahadatnamalaryny gowşurýarlar.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Ahal welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan hormatly Prezidentimize Märkaw, Balkan welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Umman, Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Keremli, Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Pähimli, Mary welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Sarpaly, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň adyndan Paýhasly atly ajaýyp bedewler sowgat berilýär. Şol pursatlarda welaýatlara hem-de Aşgabat şäherine wekilçilik edýän ýaş nesiller ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly waka mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny joşgunly goşgy setirleri arkaly beýan etdiler.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Edermen atly bedew sowgat berildi.

Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň hem-de Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň atşynaslarynyň adyndan täze doglan taýçanak sowgat berildi we hormatly Prezidentimizden bu taýa at goýup bermegi haýyş edildi. Arkadag şäherine wekilçilik edýän oglanjyk döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallygyny goşgy setirleriniň üsti bilen beýan etdi.

Syn ediş meýdançasyna Karar we Gülgetir bedewleriniň neslinden bolan, şöhratly Ýeliň ugruna degişli taýçanak çykarylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda doglan bu taýçanagyň ady Ylham bolsun!” diýdi.

Döwlet Baştutanymyz gadymdan gelýän asylly däbe eýerip, täze doglan Ylham atly taýçanagyň boýnuna käbesi Ogulgerek ejäniň ören alajasyny dakdy. Munuň özi halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden dünýä nusgalyk ýagşy dessurlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz dabaralara gatnaşýan welaýatlaryň hormatly ýaşulularyna, behişdi bedewleriň şöhratly ýolunyň mynasyp dowam etdirilmegine uly goşant goşýan ähli atşynaslara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Soňra bu ýerde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Atçylyk däplerini ösdürmäge, ahalteke atlarynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmaga gönükdirilen bu bäsleşik nusgalyk bedewleri hemmetaraplaýyn ösdürip ýetişdirmegiň usullaryny kämilleşdirmekde aýratyn ähmiýete eýedir.

Geçirilen saýlama tapgyrlaryň barşynda bäsleşigiň jemleýji tapgyryna täsin beden gurluşly, ajaýyp atlaryň 10-sy çykaryldy. Görkezijileri boýunça bu atlar eminler topary tarapyndan “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” diýen ada eýe bolmaga has mynasyplar diýlip ykrar edildi.

Syn ediş meýdançasyna ahalteke atlarynyň iň naýbaşy nesil ugruny esaslandyran meşhur bedewleriň neslinden bolan, biri-birinden owadan bedewler çykarylýar.

Alyp baryjy bedewleriň her biriniň ady hem-de gelip çykyşy bilen tanyşdyrýar. Olar Görnükli, Gylykly, Edermen, Paýhas diýen dor, Gadymy, Gözbaş, Watançy, Meleguş diýen mele, Gaçgyn atly gurt mele we Meleguş atly akýal mele atlardyr.

Bu bedewleriň ählisi şöhratly nesil ugurlaryna degişli bolup, ol ýa-da beýleki tohum ugruny dowam etdirijilerdir. Şunda behişdi bedewlere sarpa goýýanlaryň köp sanlysy esasy nesil ugurlarynyň binýadyny goýan şöhratly bedewleriň häzirki nesilleriniň täsin gözelligine baha bermäge mümkinçilik aldy.

Ahalteke bedewlerine mahsus bolan tyllaýy öwüşgin, olaryň owadan keşbi, ýyndamlygy, gujur-gaýraty we çydamlylygy öz işlerini sungat derejesine ýetiren tutanýerli seýisleriň, atşynaslaryň köpýyllyk irginsiz zähmetiniň miwesidir. Tutuş dünýäde ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty barha belende göterilýär. Ähli döwürlerde-de bu bedewler ajaýyp keşbi bilen islendik adamy tolgundyryp bilipdir.

Bedewler tomaşaçylaryň öňünden ilki bezelmedik görnüşinde, soňra bolsa ussat zergärleriň taýýarlan milli şaý-sepleri bilen bezelen görnüşde geçirildi. Alyp baryjy gözellik bäsleşigine gatnaşýan atlar baradaky maglumatlary aýdyp, bedewler bilen baglanyşykly milli däpler, olaryň üýtgeşik häsiýetleri barada gürrüň berdi. Behişdi bedewlere bagyşlanan şahyrana setirler belentden ýaňlandy.

Soňra atlaryň tebigy özüne çekijiligini, gözelligini sungat eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi.

Iň gowy işler haly eserini döretmek, zergärçilik, surat we heýkel eserleri, neşir önümleri, fotosurat we teleoperatorçylyk işi diýen ugurlar boýunça saýlanyp alyndy. Bu bäsleşigiň baş maksady türkmen halkynyň durmuşynda bedewleriň tutýan ornuny görkezmekden ybaratdyr. Ahalteke bedewiniň gaýtalanmajak keşbi, häsiýeti, duýgurlygy, düşbüligi eserleriň awtorlaryny şahyrana mazmuna hem-de ylhama beslenen dürli keşpleri döretmäge ruhlandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ýeňijilere — Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rejeleýiş işi kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby G.Bekbaýewa “Türkmen bedew aty Toýly” atly haly eseri; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby A.Annaýewe “Milli mirasymyz” atly at şaý-sep toplumy; Döwlet çeperçilik akademiýasynyň dizaýn kafedrasynyň mugallymy A.Atahanowa “Toýly gün” atly nakgaşlyk eseri; Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby K.Soltanowa “At gazanan goç ýigidiň, owal bedew aty gerek” atly heýkel eseri; Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby N.Ýolamanowa “Behişdi bedewler” atly foto işleri; Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň telekinooperatorçylyk hünäriniň 5-nji ýyl talyby W.Myşşyýewe “Şöhraty dünýä dolan bedew” atly wideoşekili üçin baýraklar gowşuryldy.

Bäsleşige gatnaşanlaryň her biri döredijilik işinde gözelligiň, sazlaşygyň ýokary derejesi, täsinligiň belent nusgasy hasaplanýan bedewiň keşbine bolan garaýşyny özboluşly beýan etmäge çalşypdyr.

Ýeňijiler döredijilik işlerine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, behişdi bedewlerimiziň bütin dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmagyň bähbidine ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňra ahalteke bedewleriniň arasynda “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” adyny almak ugrunda geçirilen halkara bäsleşigiň ýeňijisi yglan edildi.

«2024-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen ada 2017-nji ýylda doglan, Gadymgala we Dürli diýen atlaryň neslinden bolan, meşhur Fakirpälwanyň ugruna degişli Gadymy atly mele at mynasyp boldy.

Halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baş baýragy — “Toyota Highlander” kysymly awtoulagyň açary, göçme kubok hem-de diplom gowşuryldy.

Ýeňiji bolan bedewiň seýsi gymmat bahaly baýrak we ýelden ýyndam bedewleriň ösdürip ýetişdirilmegine berýän ägirt uly ünsi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ol türkmen atşynaslarynyň geljekde-de bu ugurdaky işleri mynasyp dowam etdirjekdiklerine ynandyryp, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplarynyň sport çykyşlary dabaralaryň ajaýyp jemlenmesi boldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz akademiýanyň ýapyk manežine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz ata-babalarymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilen, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň şanyna guralýan Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli atşynaslaryny gutlady.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň hem-de ylmy merkezleriniň gurulmagy atşynaslarymyzyň netijeli çekýän zähmetini döwrebap derejede guramaga giň mümkinçilikleri döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli özüne sowgat berlen behişdi bedewleri Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlaryna hem-de talyplaryna gowşurýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz bilim ojagynyň ähli işgärlerine “At arkasy gutly bolsun!” diýip, halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen bedewlerimiziň şan-şöhratyny belende galdyrmak ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ajaýyp sowgatlary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredilen ýokary okuw mekdebinde bedewleriň şan-şöhratyny belende galdyrmak, at seýislemegiň milli däplerini, atşynaslyk ýörelgelerini ylmy esasda özleşdirmek, bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek ugrunda mundan beýläk-de ähli tagallalaryny, ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlaryna, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň alymlaryna, Arkadag şäheriniň atşynaslaryna “akylly” şäherde gurlan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan 120 maşgala niýetlenen täze jaýlaryň açarlaryny sowgat hökmünde gowşurdy. Döwlet Baştutanymyz: “Täze jaýlar gutly bolsun, ýurt garşy alsyn!” diýip, atşynaslary mübärekledi.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejebow täze jaýlaryň açarlaryny hoşallyk bilen kabul edip, Arkadag şäheriniň ähli atşynaslarynyň, Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň işgärleriniň, alymlarynyň adyndan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýtdy.

Aýdym-sazly çykyşlar baýramçylyk dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýdy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri wasp edýän aýdymlar ýaňlandy. Halk aýdym-sazlarynda, häzirki zaman äheňli çykyşlarda milli buýsanjymyz, türkmen topragynyň bezegi bolan ajaýyp ahalteke bedewleri wasp edildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

***

Şu gün Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Mary atçylyk sport toplumynda geçirilen baýramçylyk çapyşyklary aýdym-sazly çykyşlar, giň möçberli sergi, türgenleriň sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary bilen utgaşdy.

Bu ýerde jemi 7 çapyşyk geçirildi. Birinji çapyşyk ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda boldy. Beýlekilerine uly ýaşly çapyksuwarlar gatnaşdylar. Baýramçylyk çapyşyklarynyň jemleýji tapgyrynda halypa çapyksuwarlar bäsleşdiler. Örän gyzykly hem-de çekeleşikli geçen çapyşyklarda ýeňiji bolanlara degişli baýraklary gowşurmak dabarasy boldy. Ýetginjek çapyksuwarlaryň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijisine “Şowly” monoblok kompýuteri, altynjy çapyşykda ýeňiji bolan çapyksuwara Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy — “Zemin” telewizory we 50 müň manat pul baýragy gowşuryldy.

Tolgundyryjy pursatlara baý bolan halypa çapyksuwarlaryň bäsleşiginde Türkmenistanyň at gazanan atşynasy M.Agamyradow öz seýislän Dagbedew atly aty bilen birinji gelmegi başardy. Çapyksuwara Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy bolan “Toyota Land Cruiser Prado” kysymly ýeňil awtoulagyň açary we degişli diplom gowşuryldy. Munuň özi baýramçylyk çapyşyklarynyň netijelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.