Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň «Peýdanyň köplügini gazanmak üçin Aral deňziniň basseýnindäki ýer baýlyklaryny we tebigy ekoulgamlary gorap saklamak hem-de durnukly dolandyrmak» taslamasynyň çäginde geçirilen maslahat öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmaga bagyşlandy.
Çäre Türkmenistanyň Suw baýlyklary baradaky Döwlet komitetiniň, Daşoguz welaýatynyň häkimliginiň, Ruhubelent we S.Türkmenbaşy etraplarynyň, «Dowadarçylyk» maldarçylyk fermasynyň, «Daşoguzörisuw» abatlaýyş we gurluşyk kärhanasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi.
Gatnaşanlar öri meýdanlarynyň toplumlaýyn sanawynda geobotaniki gözlegleriň geçirilmeginiň ähmiýeti, ýörite goralýan tebigy ýerleriň (ÝGTÝ) orny we bu sebitleriň bufer zolaklarynda bolup biljek oba hojalygynyň görnüşlerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Gatnaşanlar öri meýdanlarynyň çeşmelerini dolandyrmak we kadalaşdyrmak boýunça milli kanunlar bilen hem tanyşdylar.
Mundan başga-da, Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň synag meýdançasynda öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmak düşünjesi hödürlendi.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Gaplaňgyr döwlet goraghanasynyň, Ösümlik we haýwanat dünýäsiniň milli institutynyň hünärmenleri we «Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň oba hojalyk önümçiliginiň guraklaşan we şorlaşan landşaftlarynda tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmak – 2» we Aral taslamalary boýunça çykyşlar edildi.