Ï Çagalaryň sanjym baradaky düşünjelerini artdyrmak üçin ýurdumyzyň mekdeplerine «Immun patruly» maksatnamasy hödürlendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çagalaryň sanjym baradaky düşünjelerini artdyrmak üçin ýurdumyzyň mekdeplerine «Immun patruly» maksatnamasy hödürlendi

view-icon 1582
Çagalaryň sanjym baradaky düşünjelerini artdyrmak üçin ýurdumyzyň mekdeplerine «Immun patruly» maksatnamasy hödürlendi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýurdumyzdaky edarasy tarapyndan Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligine mekdep okuwçylary üçin türkmen dilindäki «Immun patruly» oýun modulynyň ilkinji nusgasy hödürlendi.

Degişli hünärmenler bilen geçirilen gepleşiklerden soň, Türkmenistandaky orta mekdeplerde ýakyn wagtda geçiriljek bilim oýnuny synagdan geçirmegiň ýol kartasyny düzmek boýunça ädimler kesgitlendi.

«Immun patruly» mekdepde bar bolan saglygy goramak maksatnamalarynda durmuşa geçirilýän oýun görnüşindäki sanly bilim modulydyr.

Ol Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit bölümi tarapyndan işlenip düzüldi we 10–12 ýaş aralygyndaky okuwçylar üçin niýetlenendir.