Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Katar Döwletiniň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size we doganlyk türkmen halkyna iň gowy arzuwlarymy, mähirli gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn. Siziň Alyhezretiňize abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy, Siziň doganlyk ýurduňyza bolsa mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin.
Goý, ýurtlarymyzy baglanyşdyrýan ysnyşykly gatnaşyklar geljek ýyllarda has-da berkesin we rowaçlansyn!
Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Tamim bin Hamad AL TANI,
Katar Döwletiniň Emiri.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Mübärek Oraza baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy we tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn. Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin.a
Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Abdulla bin Hamad AL TANI,
Katar Döwletiniň Emiriniň orunbasary.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Katar Döwletiniň Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan iň gowy arzuwlarymy, tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn. Size abadançylyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.
Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Mohammed bin Abdulrahman AL TANI,
Katar Döwletiniň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, daşary işler ministri.