Ï Ýurdumyzyň ýaşajyk halyçylary hünär ussatlygynda bäsleşýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň ýaşajyk halyçylary hünär ussatlygynda bäsleşýärler

view-icon 2855
Ýurdumyzyň ýaşajyk halyçylary hünär ussatlygynda bäsleşýärler

Her ýyl maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ýaşajyk halyçylarynyň arasynda «Iň gowy haly gurnagy» bäsleşigi geçirilýär.

Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň etraplarynyň wekilleri ilkinjileriň biri bolup öz başarnyklaryny görkezdiler. Olar diňe bir haly dokamak ussatlygynda däl, eýsem, haly çitimlerini bilmekde hem bäsleşdiler.

Türkmeniň milli baýlygy we buýsanjy bolan halylarymyz umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasynda aýratyn orun tutýar. 2019-njy ýylda Türkmenistanyň halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Ençeme asyrlardan bäri dowam edip gelýän däp-dessurlara esaslanýan milli sungatyň baý mirasy halylarymyz barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Janly rowaýat» we «Arşyň nepisligi» kitaplarynda jikme-jik beýan edilýär.

Häzirki wagtda orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary tejribeli halypalardan haly dokamak däplerini öwrenýärler. Amaly sapaklarda gyzlar çagalygyndan halkyň taryhy-medeni mirasy bilen tanyşýarlar, topar bolup işlemegi öwrenýärler, ol ýerde çeper eller ajap gölleri kemala getirýär.

«Iň gowy haly gurnagy» bäsleşigini Türkmenistanyň Bilim ministrligi Türkmenistanyň Zenanlar bileleşiginiň Merkezi geňeşi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde gurady. Bäsleşigiň etrap tapgyrynyň jemleýji tapgyryna çykanlar Hormat hatlary we sowgatlar bilen sylaglanyldy.