Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 4983
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, şeýle hem beýleki käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 9-sy, Mejlisiň kararlarynyň 11-si kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda”, “Gidrometeorologiýa işi hakynda”, “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň kanunçylyk namalarynyň birnäçesine degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Häzirki wagtda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde raýatlaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, ýurdumyzyň medeni mirasyny aýawly saklamak, ykdysadyýetini, oba hojalygyny ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly amala aşyrylýan işleri hukuk taýdan düzgünleşdirmek boýunça kanun taslamalary taýýarlanylýar.

Geçen döwürde Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin kanun çykaryjylyk işiniň döwrebap usullary we ýörelgeleri barada okuw sapaklary guraldy. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Daşary ýurtlaryň parlamentleri we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäklerinde duşuşyklaryň 13-si geçirildi. Mundan başga-da, deputatlar kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça halkara guramalar bilen bilelikde guralan maslahatlaryň 30-dan gowragyna gatnaşdylar. Halkara tejribäni öwrenmek maksady bilen, Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlary amala aşyryldy. Deputatlaryň halk köpçüligine döwlet syýasatynyň wezipelerini, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny düşündirmek, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri wagyz etmek boýunça geçirilýän çärelere gatnaşýandyklary barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda raýatlaryň kanuny bähbitlerini goramak, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly kanun taslamalaryny taýýarlamaga hemişe aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belledi. Daşary ýurt döwletleri bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy berkitmek arkaly parlamentara gatnaşyklary ilerletmäge möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygy nygtaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň dört aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berip, jemi içerki önümiň 6,3 göterim artandygyny aýtdy.

2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Şu ýylyň başyndan bäri bölek satuw haryt dolanyşygy 11,1 göterim artdy. Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102,6 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 97,4 göterim ýerine ýetirildi. Ýanwar — aprel aýlarynda ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 23,9 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, geçen dört aýyň jemleri boýunça gazanylan netijeleri mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, wise-premýere ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleri netijeli alyp barmak tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän ulgamlarynda 2024-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 102,4 göterim, konserniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,9 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100,6 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy hem 110,1 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle-de polipropilen, suwuklandyrylan gazy öndürmek, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak, mawy ýangyjy daşary ýurtlara ibermek babatda gazanylan tehniki ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz känlerinde tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Nebiti gaýtadan işleýän senagatda innowasion taslamalary durmuşa geçirmäge aýratyn üns bermegiň möhümdigi nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagynda önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 124,4 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 144,2 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 100,1 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 137,9 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 100 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 220,9 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 107,4 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 113,6 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 125,6 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101 göterime barabar boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 282,6 göterim ýerine ýetirildi.

Häzirki wagtda gowaçanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişini geçirmek, olaryň ekilen meýdanlaryna ideg etmek boýunça işler agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary ýokary öndürijilikli işletmek, galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, bugdaý ýygýan kombaýnlary galla oragy möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, pile öndürmek boýunça meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri dowam etdirilýär. Suw hojalygy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak üçin degişli çäreler görülýär, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň garamagyndaky edara-kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak, döwrebaplaşdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, pudaga sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin ekin meýdanlarynda oba hojalyk işlerini öz wagtynda geçirmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň geçen dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 122,5 göterime deň boldy. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 107,3 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 101,5 göterim, Energetika ministrligi boýunça 111,6 göterim, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça 159,3 göterim boldy. Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 111,5 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça meýilnama 126,4 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, senagat pudagynyň önümçilik binýadyny berkitmek maksady bilen, hereket edýän kärhanalarda öndürilýän önümleriň görnüşlerini giňeltmek, taslama kuwwatlyklaryna çykarmak, döwrebaplaşdyrmak, täze kärhanalaryň işini ýola goýmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz awtomobil ýollaryny gurmak boýunça öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegiň wajypdygyny nygtady. Şeýle hem wise-premýere 2024-nji ýylda açylyp ulanmaga berilmeli binalaryň we desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyna berk gözegçilik etmek tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň dört aýynda gazanylan görkezijiler barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 104,1 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 102,7 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça nah matalaryň önümçiligi 108,4 göterime, tikin we trikotaž önümleriniňki 104,8 göterime, gön önümleriniňki 117,3 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda önüm öndürmegiň meýilnamasy 100,7 göterim ýerine ýetirildi. Ýanwar — aprel aýlarynda Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan birža söwdalarynyň 98-si geçirilip, 9 müň 511 şertnama hasaba alyndy.

Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe amala aşyrylan işleriň ösüş depgini 110,3 göterime deň bolup, sergileriň 6-sy, maslahatlaryň 41-si geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň dört aýynda oba hojalyk hem-de azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 111,7 göterime, senagat önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 107,2 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda toplumyna degişli önümçilikleri netijeli ulanyp, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply harytlaryň görnüşlerini artdyrmagyň, ilata edilýän hyzmatlaryň döwrebap bolmagyny gazanmagyň zerurdygyny belledi. Bu işleriň ählisine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny hem giňden çekmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe milli baýramçylyklar we Gündogaryň beýik akyldary, ajaýyp türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyşlary mynasybetli dürli çäreler geçirildi. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi. Hormatly Prezidentimiziň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi.

Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde dürli çäreler guraldy. Şunuň bilen baglylykda, Täjigistanda, Özbegistanda, Türkiýede we Fransiýada medeni çäreleriň, konsertleriň, maslahatlaryň geçirilendigi barada aýdyldy. Şeýle hem dört aýyň dowamynda teatrlaryň, sirkleriň, kinoteatrlaryň, kinokonsert merkezleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň ýerine ýetiren işleri barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreleriň ýurdumyzda we daşary döwletlerde giň gerimde geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, meýilleşdirilen çäreleri mundan beýläk-de ýokary derejede guramak üçin degişli taýýarlyk işlerini alyp barmak barada görkezme berildi. Taryhy, medeni, ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamaga, ylmy taýdan öwrenmäge hem-de dünýä ýaýmaga bagyşlanan teleradiogepleşiklerini yzygiderli taýýarlamak, bu işleri metbugatda-da giňden beýan etmek möhümdir.

Döwlet Baştutanymyz medeni mirasymyzy, aýdym-saz sungatymyzy, däp-dessurlarymyzy asyl nusgasynda ýaş nesillerimize ýetirmek boýunça çäreleri yzygiderli geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz teatrlarda döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny giňden açyp görkezýän, milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň gülläp ösüşini beýan edýän eserleri sahnalaşdyrmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bilimli nesli terbiýelemäge, okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny kämilleşdirmäge, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň hemaýat-goldawlary bilen Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasy, döredijilik bäsleşikleri, bedenterbiýe-sport, medeni-jemgyýetçilik çäreleri, halkara olimpiadalar, IV Açyk halkara matematika, II Açyk halkara informatika olimpiadalary geçirildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler, “Gadymy Änew medeniýeti”, “Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy” atly halkara ylmy maslahatlar dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde giň seslenme döretdi.

Hasabat döwründe “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýöriteleşdirilen keselleri anyklaýyş-bejeriş merkezlerini, hassahanalary, şypahanalary gurmak, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak ugrundaky giň gerimli işler dowam etdirildi. Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň binalar toplumy ulanmaga berildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli operasiýalar geçirildi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde welaýatlardan gelen çagalara ýöriteleşdirilen bejergiden soňky dikeldiş çäreleri meýilnamalaýyn esasda alnyp baryldy.

Ýurdumyzda bedenterbiýäni, sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek, milli ýygyndy toparlarymyzy Olimpiýa oýunlaryna we halkara ýaryşlara taýýarlamak boýunça netijeli işler alnyp baryldy. Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş, dürli medeni-sport çäreleri geçirildi. Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda ýokary derejede geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryş ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende galdyrdy. Bu ýaryşyň jemleri boýunça Türkmenistanyň “Galkan” hokkeý topary birinji orna mynasyp boldy. Hasabat döwründe ýurdumyzyň türgenleri halkara ýaryşlarda jemi 114, şol sanda 37 altyn, 39 kümüş, 38 bürünç medala mynasyp boldular. Hormatly Prezidentimiziň adyndan halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere sylaglar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim edaralarynda okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim işini döwrebaplaşdyrmagy dowam etdirmegiň wajypdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz ylmy edaralaryň öňünde durýan möhüm wezipeler barada aýdyp, ylmy işlerde innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy usullary we tejribeleri önümçilige hödürlemek meselesine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş edaralarynyň işini kämilleşdirip durmagyň zerurdygyny belledi. Şeýle-de wise-premýere sport desgalaryny netijeli dolandyrmak, ýaşlary bedenterbiýe, köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek üçin netijeli işleri geçirmek tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny hem-de öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyryldy. Bellenilişi ýaly, 4 — 6-njy ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Birleşen Arap Emirliklerine, 1-nji martda üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna, 4-5-nji aprelde Täjigistan Respublikasyna saparlary amala aşyrdy. Şol saparlaryň barşynda ýokary derejedäki duşuşyklardyr gepleşikler geçirildi. Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiz Eýran Yslam Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi ýurdumyzda saparda boldy.

Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda daşary ýurt wekiliýetleriniň ýurdumyza bolan saparlary, döwletimiziň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Hasabat döwründe dürli derejedäki, şol sanda sanly ulgam arkaly duşuşyklaryň we gepleşikleriň ençemesi geçirildi. Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadynyň üsti 68 resminama bilen ýetirildi.

Daşary syýasat edaralarynyň derejesinde-de ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli amala aşyrylýar. Ýanwar — aprel aýlarynda Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň birnäçesi geçirildi. Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat we howpsuzlyk boýunça ýokary wekili bilen duşuşyk boldy. Ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berlip, bu ugurda degişli işler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sebitde we dünýäde özara bähbitli hyzmatdaşlyga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan daşary syýasaty dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hyzmatdaş döwletler bilen hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň dowamynda meýilleşdirilen köp sanly halkara çäreleri we maslahatlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin degişli taýýarlyk işlerini alyp barmagyň zerurdygyny belläp, wise-premýer, daşary işler ministrine bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew şu ýylyň geçen dört aýynda gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 118 göterime deň boldy. Ulagyň ähli görnüşlerinde ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini, degişlilikde, 103,5 hem-de 102,6 göterime barabar boldy. Ýanwar — aprel aýlarynda «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 104,3 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 110,5 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 161,2 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 114,8 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça 111,9 göterime deň boldy.

Hasabatyň dowamynda “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça geçirilýän işler barada-da aýdyldy. Şeýle hem ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ulag-aragatnaşyk toplumyna degişli önümçilik, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň dowam edýändigi hakynda habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, halkara ýükleriň daşalýan möçberini artdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Pudagyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we agentligiň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,7 göterime, ulag we aragatnaşykda 7,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8 göterime, söwdada 8,2 göterime, gurluşykda 5,8 göterime, oba hojalyk pudagynda bolsa 5 göterime deň boldy.

Ýurdumyzda iri senagat, durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy dowam edýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň maý aýynda ýurdumyzda köp sanly desgalaryň açylyş dabaralary, birnäçe halkara çäreler geçiriler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şol dabaralaryň hatarynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat bar. Şunuň bilen baglylykda, bu çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýakyn wagtda okuwçylaryň tomusky dynç alyş möwsümi we raýatlaryň zähmet rugsady başlanýar. Şunuň bilen baglylykda, ähli jogapkär ýolbaşçylara Awazadaky myhmanhanalary, dynç alyş-sagaldyş merkezlerini, beýleki şypahanalary, welaýatlardaky hem-de Aşgabat şäherindäki çagalar dynç alyş ýerlerini tomus möwsümine talabalaýyk taýýarlamak tabşyryldy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.