Ýer ýüzüniň geosyýasy taýdan amatly künjeginde – Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän berkarar Watanymyzyň müň bir öwüşginli ajaýyp tebigaty bar. Onuň baý ösümlik we haýwanat dünýäsi tebigy gözellikleriň, taýsyz täsinlikleriň mesgenidir.
Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Balkan welaýatyndaky Magtymguly ylmy-önümçilik synag merkezinde alnyp barylýan işlerem aýdyň şaýatlyk edýär. Ýüzlerçe gektar meýdanda synag esasynda ösdürilip, kemala getirilen miweli baglaryň, saýaly, bezeg agaçlarynyň ýüzlerçe görnüşleriniň atlaryny ýüzugra sanap çykmagam aňsat däl. Bu ýerde Ýer ýüzüniň ähli yklymlarynda ösýän agaçlaryň dürli görnüşlerine duşmak bolýar. Täsin merkezde dünýä ösümlikleriniň medeniýetleşdirilen gaty köp görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Olaryň saýlama görnüşleriniň ep-esli möçberiniň ynsan eli bilen ösdürilip ýetişdirilýän, şol sanda ýerli toprak-howa şertlerine öňdebaryjy ylmy-önümçilik synaglary esasynda yzygiderli uýgunlaşdyrylýan merkezi dünýä ýüzünde hem seýrekdir diýsek, hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz. Ýeri gelende aýtsak, ençeme daşary ýurtlaryň alymlary, seleksionerleri türkmen Diýarynyň bu täsin künjeginiň ylmy işgärleri, ussat bagbanlary, olaryň toplan iş tejribeleri bilen yzygiderli gyzyklanyp durýarlar.
Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda amala aşyrylýan giň möçberli işler hem üstünliklere beslenýär. Bu ýerde baglaryň ýaş nahallaryny oturtmagyň häzirki dowam edýän ýaz möwsüminde pürli, saýaly, miweli baglaryň nahallaryny agrotehniki talaplara laýyk ösdürip ýetişdirmek ygtybarly ýola goýulýar. Alymlardyr hünärmenler tarapyndan ylmy-amaly we sort-synag işleriniň dowamly geçirilmegem peýdaly, bähbitli netijeleri berýär. Muňa bolsa günorta miweli we subtropiki miweli baglaryň nesil gorlarynyň öwrenilmegi netijesinde ýurdumyzyň tebigy şertlerine uýgunlaşdyrylan hurmanyň, ýumşak däneli naryň, injiriň, arnabyň, üzümiň birnäçe sortlarynyň geçen ýyllaryň dowamynda halkara sergilerinde baýrakly orunlara mynasyp bolmagam aýdyň şaýatlyk edýär.
Ýylyň-ýylyna-da merkezde miweli baglaryň nesil gorlaryny önümçilige ornaşdyrmak, olaryň has köp hasylly görnüşlerini ýetişdirmek boýunça şowly netijeler gazanylýar. Ýygnalan miweli ösümlikleriň sort toplumlarynyň ýerli toprak-howa şertlerinde biologik-hojalyk aýratynlyklary seljerilen görnüşlerem güneşli Diýarymyzyň miweçilik hojalyklaryna ugradylýar. Şeýle-de önümçilikde täze-täze seçgi sortlaryny ýüze çykarmak maksady bilen, ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralaryna iberilýär. Geçirilen köpýyllyk tejribeleriň, sort-synag işleriniň netijesi-de Diýarymyzyň daglyk zolaklarynyň deňiz derejesinden 1000-1200 metr belentliklerinde düme şertlerinde ösüp, oňat hasyl beriş ukybyna eýe bolan üzüm sort görnüşleri, beýleki birnäçe sortlaryň nahallary-da köpeltmek arkaly ösdürilip ýetişdirilýär. Geçen ýyllaryň dowamynda merkezde üzüm gorlarynyň 419-a golaý sort görnüşlerinde ylmy-barlag işleri geçirildi. Olar Ýewropa ýurtlaryndan, şeýle-de Özbegistan, Täjigistan, Owganystan, Eýran, Fransiýa ýaly ýurtlardan getirildi. Şolaryň jemi 80 göterimi halk seçgi işleriniň netijesinde alyndy.
Umumy meýdany 734 gektary tutýan ylmy-önümçilik synag merkezinde üç bölüm bar. Olar miweli baglaryň we üzümiň nesil gorlary, subtropiki baglaryň nesil gorlary hem-de hojalyk bölümlerinden ybaratdyr. Olarda atlaryndan mälim bolşy ýaly, degişli ugurlar boýunça döwrebap işler alnyp barylýar. Häzirki zamanyň öňdebaryjy tejribeleri we ylmy esaslarda guralýan toplumlaýyn çärelerem netijeliligi, täzeçilligi bilen tapawutlanýar.
Merkezde zähmet çekýän ylmy işgärleriň, bagbanlaryň, hünärmenleriň her birem öz käriniň hakyky ussatlary. Olar merkezde naryň ýumşak şänikli görnüşini döredipdirler. Şänigi sakgyç ýaly çeýnelýän nary göz öňüne getirip görüň. Şeýle görnüşiň beýleki ýurtlarda ýoklugy baradaky hakykatam, il içinde aýdylyşy ýaly, kesewini ýere dürtseňem oňa jan berip bilýän türkmen topragynyň sahawatynyň, berekediniň şirin miwesidir.
Sumbar jülgesiniň «Gözel Sumbaryň nary» diýen at bilen halk arasynda meşhurlyk gazanan alýaňak narlaryň mesgenidigem guwançly hakykatdyr. Narlaryň ýüzlerçe sortunyň, beýiniň, armydyň hersinden 34, injirdir hurmanyň bolsa her biriniň 92, almanyň 137, zeýtunyň 101, pissäniň 43, badamyň 37, arnabyň hem 59 sany medeniýetleşdirilen görnüşleriniň bardygam aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Görer göze bularyň ählisem şol bir pisse, zeýtun, arnap, şetdaly, armyt, ýa-da beýleki miweler ýaly. Ýöne, olaryň biri-birinden görnüşi, tagamy, reňki, ululygy babatda birgiden tapawutly aýratynlyklary bar.
Golaýda biz Magtymguly ylmy-önümçilik synag merkeziniň ýolbaşçysy Bilbil Annaorazow bilen gürrüňdeş bolduk. Şonda ol:
– Şu günki günde ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda ösdürilip ýetişdirilýän beýiniň, üljäniň, şonuň ýaly-da üzümiň «Şaserpaý», «Änew», «Berkarar», «Galkynyş», armydyň «Wilýamis», «Etruşka», şetdalynyň «Samanta» ýaly sort görnüşlerini merkezimize getirip, synag geçirýäris. Mundan başga-da, 2024–2026-njy ýyllar üçin tassyklanan «Bag toplumyny baýlaşdyrmakda ýabany miweli ösümlikleri ulanmak» diýen tema boýunça toplumlaýyn ylmy işleri alyp barýarys – diýip, gürrüň berdi.