Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy 2024-2025-nji ýyllar üçin ýokanç kesellere gözegçilik etmek üçin lukmançylyk önümlerini satyn almak barada ylalaşyk baglaşdylar.
Taslamany tutuşlygyna Türkmenistanyň Hökümeti maliýeleşdirýär, bu ýurdumyzyň milli saglygy goraýyş ulgamyny berkitmäge ygrarlydygyny görkezýär.
Taslamanyň maksady – inçekesele we beýleki ýokanç kesellere garşy göreş boýunça Türkmenistanyň ilatynyň ýokary hilli hyzmatlara ählumumy we giňden elýeterliligini:
• inçekeseli, çalt ýaýraýan keselleri, deri keselleri, wirusly gepatit C keselleri bejeriş hyzmatlaryny üznüksiz we ýokary hilli üpjün etmek, AIW barlag hyzmatlary we howpsuz gan goýbermek;
• lukmançylyk işgärleriniň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak;
• ählumumy gaznanyň AIDS-e, inçekesele we gyzzyrma garşy göreş maksatnamalarynyň 2027-nji ýyla çenli hökümet tarapyndan doly maliýeleşdirilmegine, onuň hiliniň, üznüksizliginiň we uzak möhletli durnuklylygynyň üpjün edilmegine kepil geçmek arkaly üpjün etmekden ybaratdyr.