Ï Aşgabatda Watan gerçekleriň hormatyna dabara geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Watan gerçekleriň hormatyna dabara geçirildi

view-icon 2377
Aşgabatda Watan gerçekleriň hormatyna dabara geçirildi

Şu günler ýurdumyzyň dürli künjeklerinde we paýtagtymyzda beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralara giň gerim berilýär.

Ak mermerli paýtagtymyzdaky Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňiş güni mynasybetli uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan ýörite sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy.

1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli guralan dabaranyň dowamynda uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşykly dowam eden dabarada çykyş edenler ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalaryň we döwletli tutumlaryň belent dabaralara beslenýändigini nygtadylar.

Şeýle hem dabara gatnaşyjylar taryhda öçmejek yz goýan pederlerimiziň sarpalanmagyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini beýan etdiler.