Ï «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2024-nji ýyldaky dördünji sany okyjylara ýetirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2024-nji ýyldaky dördünji sany okyjylara ýetirildi

view-icon 2662
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2024-nji ýyldaky dördünji sany okyjylara ýetirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalyň üstümizdäki ýylyň dördünji sany okyjylara ýetirildi.

Žurnalyň ilkinji makalasy geçen aýda Aşgabat şäherinde geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşa we onuň türkmen janköýerlerini begendiren netijelerine bagyşlandy. «Il saglygy ― ýurt baýlygy» atly makalada bolsa 7-nji aprelde ýurdumyzda bellenilen Bütindünýä saglyk gününiň ähmiýeti açylyp görkezilýär.

«Ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleri kuwwatlanýar» atly makala geçen aýyň iň iri wakalarynyň biri bolan Aşgabat ― Türkmenabat aralygyndaky ýokary tizlikli awtoýoluň Tejen ― Mary böleginiň açylyp, ulanylmaga berilmegine bagyşlanypdyr.

Okyjylar «Öýüm bar ― ülkäm bar» atly makaladan milli mirasymyzyň öý bilen bagly dürdäneleriniň birnäçesi bilen tanşyp bilerler. Şol sahypalarda rus dilinde ýerleşdirilen makalada bolsa türkmen ýaşlarynyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilen halkara foruma gatnaşmagy barada gürrüň berilýär.

23-nji aprelde Ýer ýüzi Bütindünýä kitap gününi belledi. Bu şanly senä neşiriň sahypalaryndan hem orun berlipdir. Bütindünýä kitap gününe bagyşlanan makala «Kitap ― paýhaslar ummany» diýlip atlandyrylýar.

Aprel aýyndaky iň iri baýramlaryň biri bolan Türkmen bedewiniň milli baýramy neşiriň sahypalarynda giňişleýin şöhlelenýär. «Türkmenistanyň harytlar we hyzmatlar bazaryny ösdürmegiň esasy ugurlary» atly makalada bu pudakda ýaş işewürleriň ornuna aýratyn üns berilýär.

«Sanly ulgamlar arkaly bahalandyrmak» diýlip atlandyrylýan nobatdaky makala okuw işine sanly ulgamy ornaşdyrmakda täzeçil teklipleri orta atýar. Neşiriň «Ýaşlar ylym dünýäsinde» atly däbe öwrülen tapgyrynda bu gezek zehinli ýaşlaryň ýene-de üçüsiniň alyp baran ylmy gözlegleri barada gürrüň berilýär.

Dermanlyk ösümliklerimiz bilen gyzyklanýanlar «Halk lukmançylygynda atgulagyň ähmiýeti» atly makalany uly höwes bilen okar diýip tama edýäris.

Hemişe bolşy ýaly, neşirde täsirli makalalar we çykyşlar bezegler bilen baýlaşdyrylypdyr. Bu bolsa okyjylary neşire has ysnyşdyrýar.