Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamyna girýän Ata Gowşudow adyndaky kitaphanada şeýle at bilen 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 79 ýyllygyna bagyşlanyp, ýaşlar bilen söhbetdeşlik guraldy.
Duşuşygyň barşynda şol döwrüň taryhy gahrymançylykly sahypalarynyň hiç haçan unudylmajakdygy aýdyldy. Türkmenistanda bu mukaddes baýramy döwlet derejesinde dabaraly bellemek bilen, uruş weteranlarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň hormat-sarpasy has belentden tutulýar. Çagalarynyň azatlygy we ýagty geljegi ugrunda göreşen türkmenistanlylaryň gahrymançylygy we edermenligi ýaş nesil üçin Watana, halkyňa we tutuş adamzada hyzmat etmegiň göreldeli mekdebine öwrüldi.
Türkmen halkynyň şu günki asuda we döredijilikli durmuşy jeň meýdanynda Ýeňiş ugrunda söweşen esgerleriň hemmesine we bu ýeňşi has ýakynlaşdyrmak üçin, yzda janaýamazakly zähmet çekenlere ajaýyp ýadygärlikdir. Söhbetdeşligiň dowamynda bellenip geçilişi ýaly, gan-der içinde ýeňiş gazananlara çäksiz minnetdarlygymyz, jemgyýetde ýokary ynsanperwerlik ýörelgelerini we gymmatlyklaryny gorap saklamaga, garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösüşiniň goragyna gönükdirilen aýratyn amallarda öz beýanyny tapdy.