Ï Türkmen kompaniýalary Malaýziýada geçiriljek halkara «Halal önümler sergisine» çagyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen kompaniýalary Malaýziýada geçiriljek halkara «Halal önümler sergisine» çagyrylýar

view-icon 3914
Türkmen kompaniýalary Malaýziýada geçiriljek halkara «Halal önümler sergisine» çagyrylýar

Türkmen telekeçileri «Malaysia International Halal Showcase» (MIHAS) 20-nji halkara Halal önümler sergisine çagyrylýar.

Sergi 2024-nji ýylyň 17-21-nji sentýabry aralygynda çenli Kuala-Lumpurda geçiriler.

Onda azyk we içgiler, derman önümleri, lukmançylyk enjamlary, maliýe, yslam modasy esbaplary, şahsy arassalyk serişdeleri we kosmetika, ýaşyl tehnologiýalar we musulman syýahatçylygynyň aýratynlyklary ýaly halal önümleriň giň toplumy görkeziler.

Malaýziýanyň Halkara söwda we senagat ministrliginiň goldawy bilen geçirilýän «Malaysia International Halal Showcase» sergisi bütin dünýäde depginli ösüp barýan halal senagata we bazara girmek isleýän kompaniýalar üçin möhüm derweze bolup biler.

Bu, türkmen telekeçileri üçin önümlerini we hyzmatlaryny dünýä köpçüligine hödürlemek, şeýle hem täze hyzmatdaşlar we müşderiler tapmak babatynda ajaýyp mümkinçilikdir. Bilermenler halal önümler pudagyndaky täze tendensiýalary hem ara alyp maslahatlaşarlar.

«MIHAS-2024»-e gatnaşmak isleýän kompaniýalar Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasyna ýüz tutup bilerler:

Telefon belgileri: +993 12 468421 / +993 12 468422.

E-poçta: mwashgabat@kin.gov.my