Ï «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» sergi-ýarmarkasy oňa gatnaşyjylary çagyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» sergi-ýarmarkasy oňa gatnaşyjylary çagyrýar

view-icon 1687
«Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» sergi-ýarmarkasy oňa gatnaşyjylary çagyrýar

2024-nji ýylyň 19-22-nji awgusty aralygynda Aşgabatda ilkinji gezek «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler. 

Çäräni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy «Türkmen Expo» kompaniýasy bilen bilelikde guraýar. Sergi-ýarmarkasy ähli zerur şertleri we amatlyklary üpjün edýän häzirki zaman aragatnaşyk, restoran, kafe, geýim otagy, dynç alyş zolagy, metbugat merkezi, telekeçilik merkezi ýa-da amatly maslahat-zallary bolan Türkmenistanyň iň döwrebap we iň uly sergi merkezinde geçiriler.

Çagalar sergisi dünýäniň dürli künjeginden halkara hyzmatdaşlaryň, maýadarlaryň hem-de haryt öndürijileriň ünsüni özüne çekmegi maksat edinýär we çagalara harytlardyr hyzmatlar pudagynda möhüm waka bolar, kompaniýalara bu bazaryň ösmegine goşant goşmaga uly mümkinçilik berýär. Sergä gatnaşýanlar innowasiýa önümlerini we hyzmatlaryny hödürläp, işewür gatnaşyklaryny ýola goýup we Türkmenistanyň bazaryndaky mümkinçilikler bilen tanyşdyryp boljak sergä gatnaşmaga çagyrylýar.

Sergide dürli ýaş toparlaryndaky çagalar üçin dürli harytlar we hyzmatlar görkeziler. Olar çagalar üçin harytlar we hyzmatlar, çagalara bilim bermek, olary okatmak, oýunjaklar, ösüş esbaplary, çagalar edebiýaty, okamaga niýetlenen neşirler, şeýle hem sagdyn iýmitlenmek, sport we beden taýdan ösüş, döredijilik, çeperçilik işleri, çagalar modasy, internet howpsuzlygy tehnologiýalary, çagalar syýahatçylygy we saparlary hem-de beýleki ugurlardyr. «Kids Expo» sergi-ýarmarkasy diňe bir köp sanly hyzmatlardyr harytlar we olar bilen üpjün edijileriň tanyşdyrylyşy bolman, eýsem çagalar we olaryň ene-atalary üçin bilim hem-de dynç alyş çäreleriniň geçiriljek ýeri bolar.

«Kids Expo» gatnaşyjylara öz sergide görkezjek zatlaryny teklip etmegiň usullaryny işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge dürli ugurlary saýlamaga mümkinçilikler berilýär. Olar haryt iberijiler bilen habarlaşyp bilerler ýa-da güwänamaly gurluşykçynyň hyzmatlaryndan peýdalanýan we dizaýny, döredijiligi boýunça ähli talaplara laýyk gelýän üýtgeşik sergileriň gurluşygyny hödürleýän sergi guramaçysyndan bu hyzmaty sargyt edip bilerler.

Sergä gatnaşmak isleýänler Registration form elektron salgyda 2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hasaba alynýar.

«Kids Expo» sergi-ýarmarkasynyň bilelikde guraýjysy «TürkmenExpo» kompaniýasynyň salgysy: Türkmenistan, Aşgabat, Bitarap Türkmenistan köçesiniň 183-nji jaýy.

Magtymguly Hojamyradow 

Telefon: +99362006200, +99312454111.

magtymguly.hojamyradov@turkmenexpo.com

www.kids.turkmenexpo.com