Ï Kuwwatly kärhanada giň möçberli işler gyzgalaňly dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kuwwatly kärhanada giň möçberli işler gyzgalaňly dowam edýär

view-icon 1703
Kuwwatly kärhanada giň möçberli işler gyzgalaňly dowam edýär
camera-icon
Aşyrberdi Hojaberdiýew

Gojaman Hazaryň türkmen kenaryna özboluşly gözellik berip oturan Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz porty Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady-söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bu gün düýpli özgerişleri başdan geçirip, Diýarymyzyň suw ulaglary pudagynyň we milli ykdysadyýetimiziň ösüşine saldamly goşant goşýar.

Kuwwatly zawod poladyň müňlerçe tonnasyny senagat taýdan gaýtadan işläp, täze gämileri gurmaga, dürli görnüşli gämilerde abatlaýyş işlerini geçirmäge niýetlenendir. Häzirki wagtda bu ýerde deňiz giňişliginde ýük daşaýan, ýolagçy gatnadýan dürli kysymly gämileri, nebit daşaýan, şonuň bilen birlikde beýleki işlerde ulanylýan hyzmat ediji gämileri, ýüzüji serişdeleri tehniki taýdan gözden geçirmek, olary ýeňil we düýpli abatlamak işleri güýçli depginlerde dowam edýär. Toplumda buýrujylaryň islegleri esasynda zerurlyk edýän enjamlary, şaýlary, gurallary, gerek ähli materiallary ýasap bermek, dürli göwrümli demir böleklerini gaýtadan işlemek hyzmatlaram göwnejaý amala aşyrylýar. Ösen önümçilik talaplaryna, döwrebap hil ülňülerine doly laýyk gelýän işlerem buýrujylaryň çäksiz hoşallyklaryna mynasyp bolýar.

Kuwwatly kärhanada bug gazanlarynyň, kompressorlaryň önümçiligem netijeli dolandyrylýar. Ýeri gelende aýtsak, ýyladyşhana şertlerinde ulanylýan sowadyjy enjamlary taýýarlamak, şeýle-de ýurdumyzdaky suw howdanlarynyň göwrümini giňeltmek, akabalaryň suw geçirijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, peýdalanylýan läbik sorujylary abatlamak üstünlikli ýerine ýetirilýär.

Bular dogrusynda biz «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň tehniki ösüş we kadalaşdyryş bölüminiň başlygynyň orunbasary Yhlas Osmanow bilen gürrüňdeş bolduk. Ol:

– Kärhanamyzyň hünärmenleri şu ýylyň başyndan bäri «Caspian Mainport Limited» kompaniýasynyň tirkeg gämisinde düýpli abatlaýyş işlerini döwrebap derejede ýerine ýetirdiler. Häzirki wagtda bu suw ulagy goja Hazaryň mawy giňişliginde ýüzüşini üstünlikli dowam edýär.

Häzirki wagtda abatlaýjylarymyz «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň «Deňiz söwda floty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň nebit we nebit önümlerini daşaýan «Hazar», gury ýük önümlerini daşaýan «Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow» atly gämilerinde, şeýle-de «At-abraý» hojalyk jemgyýetiniň gury ýük önümlerini daşaýan «Marko Polo» atly gämisinde abatlaýyş işlerini netijeli alyp barýarlar – diýip, gürrüň berdi.

Şu günlerde guwandyryjy zähmet üstünliklerine beslenýän tutumly işlerem kärhananyň önümçilik ösüşleriniň ýokarylygyna, hil babatda-da nusgalyk ülňülere laýyk gelýändigine şaýatlyk edýär.