Ï Abu-Dabide XIII Halkara maýa goýum forumy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Abu-Dabide XIII Halkara maýa goýum forumy geçirildi

view-icon 1914
Abu-Dabide XIII Halkara maýa goýum forumy geçirildi

2024-nji ýylyň 7-9-njy maýy aralygynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Abu-Dabi şäherinde geçirilen XIII Halkara maýa goýum forumyna we sergisine gatnaşdy.

Bu uly göwrümli maýa goýum forumy her ýyl hökümet wekillerini, işewür ýolbaşçylary, maýadarlary, syýasatşynaslary, bilermenleri, şeýle hem pudagyň öňdebaryjylaryny we ählumumy meseleleri çözmäge, maýa goýumlaryny ösdürmäge hem-de dünýä ykdysadyýetiniň dikeldilmegini çaltlandyrmaga gyzyklanma bildirýän taraplary ýygnaýar.

Çäräniň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, BAE-niň wekiliýetleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Ýurtlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ilerletmek, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak, energiýa bazarlaryny ösdürmek, özara bähbitli iri taslamalara maýa goýumlaryny çekmek, iri ýataklarda öndürijiligi ýokarlandyrmak ugrundaky täze aragatnaşyk gurallary, şeýle-de ekologiýa taýdan arassa önümçiligi, innowasiýa tehnologiýalaryny we nou-haulary girizmek ýaly derwaýys meseleler ikitaraplaýyn duşuşyklaryň gün tertibine girizildi.