Ï «Täze aý» indi 20 ýyl bäri Türkmenistanyň azyk bazarynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Täze aý» indi 20 ýyl bäri Türkmenistanyň azyk bazarynda

view-icon 16996
«Täze aý» indi 20 ýyl bäri Türkmenistanyň azyk bazarynda

«Täze aý» hususy kärhanasy birnäçe iri kärhananyň birleşmegi netijesinde 2004-nji ýylda esaslandyryldy we soňky ýigrimi ýylyň dowamynda ýurdumyzyň azyk bazarynda öňe saýlandy. Häzirki wagtda «Täze aý» hususy kärhanasy şöhlat, konditer we süýt, ýarym taýýar et önümlerini iri öndürijileriň biri bolup, alyjylara azyk önümleriniň ýüzlerçe görnüşini hödürleýär.

«Täze aýyň» bäş sany ýöriteleşdirilen zawody bolup, olarda 1700-den gowrak kärine ökde hünärmen zähmet çekýär. «Täze aý» belgili önümleriň ählisi halkara hil we azyk howpsuzlygy ölçeglerine, şeýle hem «Halal» ölçegleriniň talaplaryna laýyk gelýär. Bu bolsa «Täze aýyň» önümlerine içerki we daşarky bazarlarda ýokary islegi üpjün edýär. «Täze aýyň» önümleri Russiýa Federasiýasy, Hytaý, Owganystan, Gyrgyzystan we Täjigistan ýaly ýurtlara eksport edilýär.

Üstünlikli ösýän kärhana önümleriň gerimini we eksport bazarlaryny giňeltmek üçin yzygiderli iş alyp barýar. Muňa halkara azyk sergilerine yzygiderli gatnaşmagy ýardam edýär, olarda kärhananyň hünärmenleri öz önümleri bilen tanyşdyrýarlar, daşary ýurt kompaniýalarynyň önümçilik, marketing we mahabat tejribesini öwrenýärler, täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýýarlar. 

Şu günler paýtagtymyzyň we welaýatlaryň söwda nokatlaryna «Täze aýyň» «20 ýyl bäri siz bilen» ýazgyly önümleri gelip gowuşýar.