2024-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen ýapon-türkmen Parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy T.Endonyň duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda iki dostlukly ýurduň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklarda parlamentara hyzmatdaşlygynyň möhüm orny bellenildi. Sebitleýin esasda parlament hyzmatdaşlygyny ösdürmekde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň dowamynda öňe süren «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» görnüşdäki dialogy döretmek barada ideýasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýaponiýanyň Parlament ýolbaşçylarynyň ilkinji duşuşygyny Aşgabatda geçirmek baradaky başlangyjyň ähmiýeti nygtaldy.
Söhbetdeşlikde parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň möhüm bölegine öwrülendigi we ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlarynyň hereket etmeginiň kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri artdyrýandygy aýratyn bellenildi.
Taraplar türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy, ony ösdürmegiň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Hususan-da, Gündogaryň beýik akyldary we türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň giňden bellenilmeginiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň halklaryň arasynda medeni, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly itergi berýändigi bellenildi.