Ï Ekologiýa gözegçilik ulgamy kämilleşdirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ekologiýa gözegçilik ulgamy kämilleşdirilýär

view-icon 3133
Ekologiýa gözegçilik ulgamy kämilleşdirilýär

Türkmenistanda ekologiýa gözegçiligini gowulandyrmak boýunça okuw geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň «Türkmenistanda durnukly şäherler: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösüşi» atly bilelikdäki taslamasynyň çäginde geçirildi.

Oňa ekologik gözegçilik gullugynyň howanyň hapalanmagyna gözegçilik barlaghanalarynyň we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň daşky gurşawy goramak bölümleriniň hünärmenleri gatnaşdy.

Olar täze enjamlary ulanyp, benzin we dizel hereketlendirijileri bolan awtoulaglardan çykýan zyýanly gazlar bilen howanyň hapalanmagyna gözegçilik etmegiň ýollary bilen tanyşdylar.

Okuwyň çäginde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ekologiýa gözegçilik gullugynyň howanyň hapalanmagyna gözegçilik barlaghanasynda täze enjamlary ulanmak boýunça gözükmeler berildi we amaly sapaklar geçirildi.

Okuw tamamlanandan soň, oňa gatnaşanlaryň hemmesine täze enjamlary özleşdirmek boýunça okuw sapaklaryny tamamlandygy baradaky BMGÖM-iň şahadatnamalary berildi.