Ï Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy

view-icon 4418
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy

Eziz watandaşlar!
Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Bu gün türkmen halky uly toý toýlaýar. Paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjeginde, Köpetdagyň eteginde türkmeniň beýik ogly, Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we nusgawy şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşýarys. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dana şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejede geçirilýän bu dabara bilen siziň ähliňizi tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Eziz watandaşlar!
Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Ýurdumyzda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny örän ýokary derejede bellemek, şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen eserlerini dünýä ýaýmak baradaky başlangyçlary öňe sürdi. Bu ugurda örän köp işler ýerine ýetirildi.

Hormatly Arkadagymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda akyldar şahyryň baý döredijiligini wasp etmek bilen, onuň hormat-sarpasyny, abraý-mertebesini has-da belende göterdi. Bu goşgynyň her bir sözünde, her bir setirinde örän çuňňur many bar.

Hormat goýýas päk ruhunyň baýramyna-toýuna,
Tagzym edýäs zer ýalkymly pikirine-küýüne.
Köpetdagyň eteginde galdy bu gün örboýuna,
Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy —

diýip belläp geçmegi Gahryman Arkadagymyzyň söz ussadynyň edebi mirasyna goýýan aýratyn hormatyndan nyşandyr.

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň gurulmagy türkmen halkynyň Milli Lideriniň parasatly pikirleri bilen berk baglydyr. Akyldar şahyryň döwletlilik, berkararlyk, agzybirlik hakyndaky arzuwlary bu günki bagtyýar döwrümizde hasyl boldy. Munuň özi Magtymgulynyň «Türkmeniň» atly goşgusynda öz aýdyň beýanyny tapýar:

Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.

Hormatly adamlar!

Beýik akyldaryň eserleri ýurdumyzyň her bir raýatynyň mähriban halkymyza, eziz Diýarymyza, berkarar döwletimize bolan söýgüsini joşdurýar. Nesillerimizde ýokary ahlaklylygy terbiýelemäge, olaryň bilimli, hünärli, il-ýurt üçin, bütin adamzat üçin haýyrly işleri amala aşyrmaga mynasyp ýaşlar bolup ýetişmegine ýardam edýär. Türkmenistanly hem-de daşary ýurtly meşhur ýazyjy-şahyrlar, alymlar, edebiýatçylar, suratkeşler, amaly-haşam sungatynyň ussatlary, bagşy-sazandalar beýik şahyra bagyşlap kämil eserleri döretdiler. Bu eserler akyldaryň baý edebi mirasyny öwrenmekde, halka giňden ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Biz beýik söz ussadynyň baý, gymmatly edebi mirasyny toplamakda, aýawly saklamakda, öwrenmekde we wagyz etmekde uly hyzmatlary bitiren ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň raýatlaryny sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretdik. Bu medal, şeýle hem Magtymguly adyndaky halkara baýrak bilen köp sanly watandaşlarymyz, daşary ýurtly raýatlar sylaglanar.

Eziz watandaşlar!
Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Türkmen halky müňlerçe ýyllyk taryhynyň dowamynda adamzadyň umumy ösüşine uly täsir eden ruhy we medeni gymmatlyklary döreden halkdyr.

Magtymgulynyň eserleri dünýä edebiýatynyň, adamzat medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandyr. Söz ussadynyň dürdäne şygyrlaryny halk ýatdan öwrenipdir. Bagşy-sazandalarymyz onuň çuň many-mazmunly goşgularyny aýdyma öwrüp, şu günlerimize ýetiripdirler. Hut şoňa görä-de, nusgawy türkmen şahyrynyň ýubileý toýy bu gün Ýer ýüzünde giňden toýlanýar.

Hormatly adamlar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, durmuş-ykdysady ösüşleri gazanmak ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Paýtagtymyzda, ýurdumyzyň sebitlerinde häzirki zaman binalarynyň we desgalaryň, döwrebap ýollaryň gurluşyklary giň gerimde dowam etdirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyjy bilen gözel paýtagtymyzyň täsin tebigatly künjeginde gurlan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy taryhy wakadyr. Bu seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleriniň hem oturdylmagy Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde dost-doganlygyň dabaralanýandygynyň ýene bir aýdyň nyşanydyr. Ol ýurdumyzyň raýatlarynyň we daşary ýurtly myhmanlaryň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüler. Bu ýerde türkmenistanly hem-de daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň, döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda şygryýet agşamlary, döredijilik duşuşyklary, aýdym-sazly çykyşlar yzygiderli geçiriler. Bu seýilgäh toplumy Watanymyzyň döredijilik kuwwatyny täze belentliklere götermekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Hormatly adamlar!

Siziň bilşiňiz ýaly, häzirki döwre çenli daşary ýurtlaryň birnäçesinde Magtymguly Pyragynyň heýkelleri oturdyldy we oturdylýar. Şeýle sahawatly işler halklaryň arasynda dost-doganlyk köprülerini has-da pugtalandyrýar. Akyldar şahyryň ömrüni we döredijiligini çuňňur öwrenmek bilen bagly ýurdumyzda alnyp barlan işler bolsa abraýly halkara guramalar, dünýä döwletleri tarapyndan uly goldawa eýe boldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasyna girizildi. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramy bolsa ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Bularyň ählisi türkmen halkynyň beýik söz ussadyna bolan belent sarpany aýdyň ýüze çykarýar.

Eziz watandaşlar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi türkmen halkynyň beýik ogly, ähli döwürleriň şahyry Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we onuň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar durmuş, uly üstünlikleri arzuw edýärin.

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 17-nji maýy)