Ï Türkmenistanyň Prezidenti «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 1935

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ýurdumyz bilen ýola goýlan netijeli işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Mümkinçilikden peýdalanyp, Igor Bukato hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ýetip gelen uly baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlap, türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň indi köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda üstünlikli işleýändigini, özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezendigini kanagatlanma bilen belledi hem-de halkara hil ülňülerine laýyk gelýän bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagynyň muňa aýdyň şaýatlyk edýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz we rus kompaniýasynyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de bar bolan köpugurly mümkinçilikleri, Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasyny hasaba almak bilen, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň Türkmenistanda, hususan-da, paýtagtymyzda birnäçe wajyp düzümleýin taslamalary durmuşa geçirýändigi nygtaldy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl ýurdumyzda beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýär. Şanly sene mynasybetli medeni çäreler geçirilýär, durmuş maksatly desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde rejeleýiş we dizaýner işlerini ýerine ýetiren «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň goşandyny belledi. Hormatly Prezidentimiz şular barada aýtmak bilen, Aşgabadyň günorta bölegindäki Köpetdagyň ajaýyp künjekleriniň birinde ýerleşýän seýilgäh toplumynyň baş şäherimiziň täze, ajaýyp desgalarynyň birine hem-de şäher ýaşaýjylarynyň, şol sanda döredijilik işgärleriniň dynç alýan merkezine öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistanyň innowasion ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen, ähli ulgamlarda iň gowy daşary ýurt tejribesini we döwrebap işläp taýýarlamalary peýdalanmagy ugur edinýändigini, şunda russiýaly hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda işewür netijeli, anyk, işjeň söhbetdeşlik hem-de hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň özüne bildirilýän ynama buýsanýandygyny bellemek bilen, geljekde-de öz üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.