Ï Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat

view-icon 1867

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň adyndan Size tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Esasy Kanun kuwwatly hem-de garaşsyz döwletiň kemala gelmeginiň kepilidir, onda adamyň hukuklary we azatlyklary iň ýokary gymmatlyk hökmünde, Döwlet baýdagy bolsa Türkmenistanyň halkynyň milli buýsanjy diýlip ykrar edilýär. Konstitusiýa raýatlara gülläp ösýän, azat ýurdy ynamly we yzygiderli gurmaga, öz düýpli bähbitlerini ygtybarly goramaga ýardam berýär.

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç, Size we Türkmenistanyň ähli dostlukly halkyna parahatçylyk, rowaçlyk arzuw edýärin!

Dmitriý KOBISKIÝ,

GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 
Geňeşiniň Baş sekretary.