Ï Daşoguzda çäge süýşmelerinden goramak meselesi çözülýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguzda çäge süýşmelerinden goramak meselesi çözülýär

view-icon 2205
Daşoguzda çäge süýşmelerinden goramak meselesi çözülýär

Daşoguz şäherinden halkara howa menziline barýan awtoulag ýolunyň käbir bölümlerinde bu ýazda ýerleri abadanlaşdyrmak boýunça işleriň arasynda çäge berkitmek işleri hem geçirildi.

Çägeleriň awtoulag ýoluna ýakynlaşyp, ýoluň ýüzüne süýşmek ähtimallygy bolan ýerlerde olar ösümliklerden, hususan-da, sazakdan, şeýle hem gamyş örümleriniň päsgelçiliklerinden janly gorag bilen üpjün edilipdir. Şeýle birleşdirilen usullar tygşytly hasaplanýar we daşky gurşawa zyýan ýetirmän ýollary çägeden goramaga, topragy berkitmäge, şeýle hem ýol howpsuzlygynyň derejesini ýokarlandyrmaga kömek edýär. Mysal üçin, gamyşlardan ýasalan örümler süýşýän çägäniň mukdaryny ep-esli azaldyp, hersi bir kub metr çägäni saklap biler diýlip hasaplanýar.

Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda dürli hökümet taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde çäge süýşmeleriniň desgalara, oazislere we ekerançylyk ýerlerine ýaramaz täsirinden goramak meseleleri üstünlikli çözülýär.

Bu ýerde soňky ýyllarda meliorasiýa ýagdaýyny gowulandyrmak, howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmak, zaýalanan topraklary gowulandyrmak, ýaşyl zolaklary emele getirmek, tozanlaryň we duzlaryň hem-de çäge süýşmeleriniň öňüni almak, şeýle hem ýerli ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak üçin birnäçe uly çäreler üstünlikli durmuşa geçirildi.