Ï Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygyny kabul etdi

view-icon 1861

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustini kabul etdi.

Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny, onuň soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli döwletara dialogy hemmetaraplaýyn ösdürmäge rus tarapynyň gyzyklanma bildirýändigi barada aýdanlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygyny myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, öz gezeginde, russiýaly kärdeşine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de RF-niň Hökümetiniň Başlygynyň şu gezekki saparynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga, GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik döretjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda dostluk, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan hem-de häzirki wagtda ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlyk strategik we köptaraplaýyn häsiýete eýedir.

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň — Tatarystan Respublikasynyň, Astrahan oblastynyň, Sankt-Peterburgyň we beýleki sebitleriň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagy netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki ugurlarda oňyn gatnaşyklar saklanylýar. Ýangyç-energetika pudagynda, gämi gurluşygynda, oba hojalyk toplumynda, dokma senagatynda, ulag we beýleki ulgamlarda türkmen-rus hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz iki ýurduň arasyndaky daşary ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge gönükdirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň möhüm ähmiýetini belledi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Russiýanyň toplumlaýyn hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň aýrylmaz bölegi bolan parlamentarileriň netijeli gatnaşyklary döwletara dialogda aýratyn orun eýeleýär. Soňky ýyllarda kanun çykaryjy edaralaryň wekilleriniň arasynda yzygiderli dialog ýola goýuldy, kärdeşleriň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli gurallaryny işläp taýýarlamak boýunça çäreler dowam etdirilýär, kanun çykaryjylyk ulgamynda özara tejribe alşylýar.

Ynsanperwer ugur türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm bölegidir. Şunda bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Umumy pikire görä, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar ähli döwürlerde-de halklary birleşdirýän dostlugyň we özara düşünişmegiň köprüsi bolup hyzmat edipdir. Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede giňden baýram edilmegi muňa nusgalyk mysaldyr. Mälim bolşy ýaly, bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda, şol sanda Russiýa Federasiýasynda-da köp sanly çäreler geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde bina edilen hem-de ýakynda açylan “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde dünýä meşhur nusgawy şahyrlaryň we akyldarlaryň heýkelleri bilen birlikde, görnükli rus ýazyjysy Fýodor Dostoýewskiniň hem heýkeliniň oturdylandygy bellärliklidir.

Ynanyşmak we netijeli ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň dowamynda däp bolan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmagyň wajypdygy nygtaldy hem-de iki dostlukly ýurduň, olaryň doganlyk halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasy bilen özara hyzmatdaşlygy giň ugurlar boýunça ilerletmegiň maksat edinilýändigini aýtdy we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.