2021-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Koreýa Respublikasynyň Ylym we maglumat tehnologiýalar ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň we Günorta Koreýanyň Milli maglumat agentligi bilen özara baglaşan Ähtnamanyň esasynda işleýän Maglumat elýeterlilik merkezi öz saýtyny döretdi. Oňa salgysy boýunça girmek bolýar.
Saýtda Merkeziň dörediliş taryhy, hödürleýän hyzmatlary, işiniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilişi, işgärler bilen habarlaşyp we soraglara jogap alyp boljak ähli aragatnaşyk usullary barada maglumatlar ýerleşdirilipdir. «Habarlar» bölüminde çeşmesini görkezmek bilen, bilim pudagyndaky tiz-tizden täzelenip duran milli häsiýetli habarlar hödürlenýär.
«Hyzmatlar» bölüminde Maglumat elýeterlilik merkeziniň ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanyp, maýyplary we pensionerleri ýörite enjamlaryň kömegi bilen kompýuter sowatlylygy we başlangyç derejesindäki IT-tehnologiýa boýunça mugt okuwa çagyrýandygyny habar berýär. Okuw eşidiş, görüş we hereketi çäkli adamlar üçin döredilen ýörite klawiaturalary we beýleki enjamlary ulanmak arkaly geçirilýär.
Saýtdaky ähli maglumat üç dilde: türkmen, iňlis we rus dillerinde elýeterlidir. Täze saýt yzygiderli kämilleşdirilýär we hödürlenýän okuwlar hem beýleki peýdaly maglumatlar bilen doldurylýar.